"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Türkmenistan we HHR ulag boýunça ylalaşyk taýýarlaýar

Pekinde geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we HHR-iň başlygy Si Szinpiniň gol çeken bilelikdäki Beýannamasynda Türkmenistanyň hem-de HHR-niň hökümetleriniň arasynda halkara awtomobil ulagy baradaky şertnamanyň taslamasynyň ylalaşylmagyny tizleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.  “Infrastruktura taýdan özara baglanyşyklylyk Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky köp taraply strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda ösüşiň täze nokady bolup durýar” diýlip, Beýannamada aýdylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýollary we serhetüsti geçýän ulaglary birleşdirmek babatda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýardam bermegiň, Hytaý-Gyrgyzystan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça  gatnawlaryň sanyny we demir ýol konteýner daşamalaryň möçberini hem-de Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan ugrunda multimodal gatnawlaryň sanyny artdyrmagyň zerurdygy görkezildi.

Wýetnam-Gazagystan göni demirýol gatnawy işe girizildi

Wýetnamdan Gazagystana tarap ugur boýunça ilkinji demirýol gatnawy 31-nji dekabrda işe girizildi. Ol Nýaçang şäheriniň demirýol menzilinden Almaty şäherine ugrady, Hytaýyň gündogaryndaky Sianyň gämi menzilinde ol tekerleriniň çalşygyny amala aşyrdy. Soňra otly Hytaý-Ýewropa ekpresi arkaly Gazagystana ugradyldy. Onuň alyp barýan esasy harytlary elektron ulgamyna degişlidir. Hytaýyň Merkezi telewideniýesiniň (CCTV) maglumatlaryna görä, Wýetnamda öndürilen şeýle önümleriň köp bölegi ozal deňiz arkaly Merkezi Aziýa ýurtlaryna ýetirilýärdi. Ähli işler 50 günden gowrak wagty öz içine alýardy. Göni demirýol gatnawynyň işe girizilmegi Wýetnamdan Merkezi Aziýanyň bazaryna barýan ýoly, takmynan, 25 güne çenli gysgaldyp biler.

Köptaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm guraly

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 14-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammiti geçirildi. Özara düşünişmek esasynda geçen bu sammitiň sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygy bilen bagly meseleleri çözmekde zerur bolan täze esaslary döredendigi bellärliklidir. Bilermenler bu sammitiň jemleri boýunça kabul edilen çözgütleriň diňe bir Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň hyzmatdaşlygynyň täze tapgyryny açyp, olaryň ykdysady ösüşine güýçli itergi bermän, eýsem, bütin Ýewraziýa giňişliginde geoykdysady düzümlere täze dörediji many-mazmun berýändigini hem nygtaýarlar. Taryhy kökleri, dini ynançlary, köp derejede däp-dessurlary bir bolan doganlyk halklar özara hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda örän ähmiýetli tagallalary edýärler. Hormatly Prezidentimiz sammitde eden çykyşynda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlarda yzygiderli ösýändigini belläp, Hazar deňzindäki «Dostluk» uglewodorod ýatagyny bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda iki ýurduň Hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekilmegi bilen, energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň täze sahypasynyň açylandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Türkiýe Respublikasynyň hem köp ýyllardan bäri biziň ýurdumyzy

PEKIN DUŞUŞYGY: BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ TÄZEDEN GALKYNYŞY — BIR GUŞAK, BIR ÝOL

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna ilkinji döwlet sapary barada söhbet Türkmen topragyndan Hytaýa çenli aralykda, gör, näçe müň kilometr menzil, aşmasy kyn daglardyr aňyrsyna-bärsine gözýetmez çöller, derýalar... ýatyr. Şeýle-de bolsa, iki halk ir zamanlardan bäri gaýym gatnaşyklary ýola goýupdyrlar. Dostlukly ýurduň Sian şäherinden gaýdan Beýik Ýüpek ýoly yklymlary birleşdirmek bilen, diňe bir söwdanyň däl, eýsem, ideýalaryň, medeniýetleriň, hoşniýetli diplomatiýanyň hem ýoluna öwrülipdir. Ha taryh gatlaryny açyp, ha şirin dessanlarymyza gulak goýup, “Çyn-Maçyn ýurdy” diýlip waspy ýetirilen Hytaý bilen gatnaşyklarymyzyň gadymylygyndan näçe mysal getirseň, getiribermeli. Eýsem, bu taryhyň beýikligi nämede?! Onuň şaha ýaýyp, kök ýaýradyp, häzirki günde-de dowam edýänliginde! Täze belentliklere ümzük atýanlygynda! Geçmişe daýanyp, täze geljegiň döredilýänliginde!

Pikirler, garaýyşlar

Rong ÝING,Hytaýyň Halkara gözlegler institutynyň wise-prezidenti:

Strategik hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady

Serdar BERDIMUHAMEDOW, Türkmenistanyň Prezidenti. Ozaly bilen, Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparymyň öň ýanynda öz sahypalarynda çykyş etmäge teklibi üçin «Ženmin Žibao» gazetiniň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Şeýle abraýly hem-de hormatly neşiriň millionlarça okyjylaryna ýüzlenmek mümkinçiligi örän möhüm ähmiýete eýe bolup, munuň özi iki ýurduň arasyndaky özara düşünişmegiň, türkmen-hytaý dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Türkmenistan we Hytaý strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugruny tassykladylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasyndaky gepleşikler Pekin — Aşgabat, 6-njy ýanwar (TDH). Şu gün Pekinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz düýn döwlet sapary bilen HHR-e geldi.

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri bilen duşuşdy

Pekin, 6-njy ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýan bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Hytaý Halk Respublikasyna ilkinji döwlet saparyna iki ýurduň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetlilik ýörelgeleri esasynda ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna täze itergi berjek möhüm waka hökmünde garaýandygyny nygtady. Şunda 6-njy ýanwaryň strategik häsiýete eýe bolan uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezýän ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan senesine gabat gelýändigi aýratyn bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Pekin, 6-njy ýanwar (TDH). Şu gün Hytaýyň Halk ýygnaklar öýünde Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Li Çžanşu bilen duşuşygy boldy. Ynanyşmak we dostlukly ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar hem-de Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky bilelikdäki Jarnamanyň onýyllygyna we iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygyna beslenen ýylda Pekine amala aşyrýan şu gezekki saparynyň ähmiýetini nygtadylar.

«Taryhy ösüşlere goşant goşarys»

diýip, Hytaýda bilim alýan türkmenistanly ýaşlar buýsanç bilen aýdýarlar Dünýäniň islendik döwletinde, islän ýokary okuw mekdebinde okap, bilim almak, hünär öwrenmek bagty — ajaýyp döwrümiziň türkmen ýaşlaryna eçilen eşretleriniň biri. Häzirki wagtda türkmenistanly ýaşlaryň ýüzlerçesi Hytaý Halk Respublikasynyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar. Hormatly Prezidentimiziň bu dostlukly ýurda döwlet saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary Hytaýda okaýan türkmenistanly talyplar bilen duşuşdylar. Olar özleri üçin diýseň ýakymly waka öwrülen duşuşygyň täsirini şeýle beýan etdiler:

Dostluk, hoşniýetlilik, işewürlik

Türkmen-hytaý gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýär Häzirki döwürde Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasy däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga uly gyzyklanma bildirýärler. Bu bolsa taraplaryň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlaryna hem-de milli bähbitlerine doly kybap gelýär. Şu güne çenli iki ýurduň arasynda özara gatnaşyklaryň döwlet Baştutanlarynyň we işewür düzümleriň arasynda geçirilýän duşuşyklary, gepleşikleri öz içine alýan köptaraplaýyn guraly işlenip taýýarlanyldy. Muny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna döwlet sapary hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Türkmenistan — Hytaý: gatnaşyklaryň täze sahypasy

Hytaý, taryhy ady bilen ýüzlensek, Çyn-Maçyn döwleti Oguz eýýamyndan bäri gojaman geçmişimizde halkymyzyň döwletara gatnaşyklaryny dowam eden ýurtlarynyň biridir. Türkmen-hytaý halklarynyň ikisi-de dünýä medeniýetine we sungatyna uly goşant goşan halklardyr. Şu ýylyň 5-6-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň bu dostlukly ýurda iň ýokary döwlet wezipesinde amala aşyran ilkinji sapary, onuň dowamynda gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen resminamalar iki döwletiň hem täze taryhyna şanly waka bolup ýazylar. Hytaý ilkinjileriň biri bolup Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden döwletdir. 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynda täze döwre badalga berdi. Ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ençeme gezek özara döwlet we resmi saparlary boldy. Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna şu gezekki sapary hem däp bolan gatnaşyklaryň täze mümkinçiliklerini açýar.

Dostlukly hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda okgunly ösüşiň röwşen ýoluna düşen Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygyň, abadançylygyň, dost-doganlygyň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilen daşary syýasaty amala aşyrýar. Hormatly Prezidentimiziň döwlet sapary bilen Hytaý Halk Respublikasynda bolmagy hem şol hakykaty ýene bir gezek äşgär edýär. Gözbaşy müňýyllyklara uzaýan türkmen-hytaý gatnaşyklarynda häzirki döwürde parahatçylygyň ilçisi hökmünde ykrar edilen sporta hem möhüm orun degişlidir. Ösen sport döwleti hökmünde belent ykrarnama eýe bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sporta dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajyp serişdesi hökmünde garaýar. Bu hakykat türkmen-hytaý gatnaşyklary babatda-da üýtgewsizdir. Geçen ýylyň fewralynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça dostlukly ýurtda iş sapary bilen bolan Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pekinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy hem aýdylanlara şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna döwlet sapary başlandy

Aşgabat — Pekin, 5-nji ýanwar (TDH). Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady. Döwlet Baştutanymyzy Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary, şeýle-de HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen ugratdylar.

Türkmen-hytaý gatnaşyklaryny täze derejä çykarmagyň ýolunda

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelere Hytaý Halk Respublikasynda hem uly gyzyklanma bildirilýär. Iki ýurduň arasynda dostluk, özara ynanyşmak, düşünişmek esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar häzirki wagtda dürli ugurlarda, şol sanda energetika, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk üçin oňaýly şertleri döredýär. Bu hyzmatdaşlyk köpýyllyk oňyn tejribä we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin bar bolan ägirt uly mümkinçiliklere daýanýar. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa amala aşyrjak ilkinji döwlet sapary bu hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim bolar. Türkmenistan bilen Hytaý milli ykdysadyýetlerini hemmetaraplaýyn ösdürmäge bolan taýýarlygyny tassyklaýan şertnama-hukuk binýadyny döretdiler. Şunda 2013-nji ýylyň sentýabrynda gol çekilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak hakyndaky bilelikdäki Jarnama, 2021-nji ýylyň noýabrynda gol çekilen «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasy» aýratyn nygtalmaly resminamalardyr. Bilelikdäki iş üçin ygtybarly binýady emele getiren dürli derejedäki ikitaraplaýyn resminamalara laýyklykda, senagat we durmuş maksatly möhüm desgalaryň birnäçesiniň gurluşygy amala aşyryldy we häzirki wagtda-da dowam etdiril

Telefon arkaly söhbetdeşlik

29-njy dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň barşynda türkmen hem-de özbek halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Özbegistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýär. Şol gatnaşyklar taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, barha çuň many-mazmuna eýe bolýar.

GDA: resmi däl duşuşyk

26-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow her ýyl Sankt-Peterburg şäherinde ýylyň ahyrynda geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabadyň Halkara howa menzilinden ugur alyp, Sankt-Peterburg şäheriniň «Pulkowo» Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşylady. Soňra hormatly Prezidentimiziň

Döwletara hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär

29-njy dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen hem-de özbek halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Özbegistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýär. Şol gatnaşyklar taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, barha çuň many-mazmuna eýe bolýar. Şoňa görä-de, häzirki döwrüň sebitdäki hem-de dünýädäki ýagdaýlaryny nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda guralýandygy nygtaldy. Söhbetdeşler iki ýurduň hem parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýändigini we Merkezi Aziýada parahatçylygy, ylalaşyklylygy saklamakda aýratyn orun eýeleýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Munuň özi sebitde we onuň çäginden uzaklarda ýagdaýyň okgunly üýtgeýändigi bilen baglylykda uly ähmiýete eýedir. Şundan ugur alnyp, söhbetdeşligiň barşynda söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň wajypdygyna aýratyn üns berildi. Bu bolsa türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Deňhukuklylyk, ynanyşmak, jebislik

26-njy dekabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp boýunça her ýyl Sankt-Peterburg şäherinde ýylyň ahyrynda geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy. NETIJELI HYZMATDAŞLYK ÜÇIN AGZYBIRLIK ZERUR

Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly sebitiň üns merkezinde

Düýn Sankt-Peterburg şäherinde GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň däp boýunça her ýylda geçirilýän resmi däl sammiti geçirildi. Sammite Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew öz çykyşynda sammitiň GDA-nyň çäginde hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada pikir alyşmak we geljegi uly meseleleri kesgitlemek üçin oňat mümkinçilik döredýändigini aýtdy. Bu barada «Anadolu» habarlar gullugy habar berýär.