Dostlukly hyzmatdaşlyk ösdürilýär

6 Ýanwar 2023
356

Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda okgunly ösüşiň röwşen ýoluna düşen Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygyň, abadançylygyň, dost-doganlygyň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilen daşary syýasaty amala aşyrýar. Hormatly Prezidentimiziň döwlet sapary bilen Hytaý Halk Respublikasynda bolmagy hem şol hakykaty ýene bir gezek äşgär edýär. Gözbaşy müňýyllyklara uzaýan türkmen-hytaý gatnaşyklarynda häzirki döwürde parahatçylygyň ilçisi hökmünde ykrar edilen sporta hem möhüm orun degişlidir.

Ösen sport döwleti hökmünde belent ykrarnama eýe bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sporta dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajyp serişdesi hökmünde garaýar. Bu hakykat türkmen-hytaý gatnaşyklary babatda-da üýtgewsizdir. Geçen ýylyň fewralynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça dostlukly ýurtda iş sapary bilen bolan Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pekinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy hem aýdylanlara şaýatlyk edýär.

«Türkmen sporty».