Strategik hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady

7 Ýanwar 2023
731

Serdar BERDIMUHAMEDOW, Türkmenistanyň Prezidenti.

Ozaly bilen, Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparymyň öň ýanynda öz sahypalarynda çykyş etmäge teklibi üçin «Ženmin Žibao» gazetiniň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Şeýle abraýly hem-de hormatly neşiriň millionlarça okyjylaryna ýüzlenmek mümkinçiligi örän möhüm ähmiýete eýe bolup, munuň özi iki ýurduň arasyndaky özara düşünişmegiň, türkmen-hytaý dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berer.