Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri bilen duşuşdy

7 Ýanwar 2023
965

Pekin, 6-njy ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýan bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Hytaý Halk Respublikasyna ilkinji döwlet saparyna iki ýurduň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetlilik ýörelgeleri esasynda ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna täze itergi berjek möhüm waka hökmünde garaýandygyny nygtady. Şunda 6-njy ýanwaryň strategik häsiýete eýe bolan uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezýän ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan senesine gabat gelýändigi aýratyn bellenildi.