Türkmenistan — Hytaý: gatnaşyklaryň täze sahypasy

6 Ýanwar 2023
312

Hytaý, taryhy ady bilen ýüzlensek, Çyn-Maçyn döwleti Oguz eýýamyndan bäri gojaman geçmişimizde halkymyzyň döwletara gatnaşyklaryny dowam eden ýurtlarynyň biridir. Türkmen-hytaý halklarynyň ikisi-de dünýä medeniýetine we sungatyna uly goşant goşan halklardyr. Şu ýylyň 5-6-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň bu dostlukly ýurda iň ýokary döwlet wezipesinde amala aşyran ilkinji sapary, onuň dowamynda gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen resminamalar iki döwletiň hem täze taryhyna şanly waka bolup ýazylar.

Hytaý ilkinjileriň biri bolup Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden döwletdir. 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynda täze döwre badalga berdi. Ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ençeme gezek özara döwlet we resmi saparlary boldy. Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna şu gezekki sapary hem däp bolan gatnaşyklaryň täze mümkinçiliklerini açýar.

Amantuwak REJEPBAÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.