Telefon arkaly söhbetdeşlik

30 Dekabr 2022
413

29-njy dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň barşynda türkmen hem-de özbek halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Özbegistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýär. Şol gatnaşyklar taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, barha çuň many-mazmuna eýe bolýar.

«Watan».