Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly sebitiň üns merkezinde

27 Dekabr 2022
316

Düýn Sankt-Peterburg şäherinde GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň däp boýunça her ýylda geçirilýän resmi däl sammiti geçirildi. Sammite Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew öz çykyşynda sammitiň GDA-nyň çäginde hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada pikir alyşmak we geljegi uly meseleleri kesgitlemek üçin oňat mümkinçilik döredýändigini aýtdy. Bu barada «Anadolu» habarlar gullugy habar berýär.