Türkmen-hytaý gatnaşyklaryny täze derejä çykarmagyň ýolunda

5 Ýanwar 2023
540

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelere Hytaý Halk Respublikasynda hem uly gyzyklanma bildirilýär. Iki ýurduň arasynda dostluk, özara ynanyşmak, düşünişmek esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar häzirki wagtda dürli ugurlarda, şol sanda energetika, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk üçin oňaýly şertleri döredýär. Bu hyzmatdaşlyk köpýyllyk oňyn tejribä we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin bar bolan ägirt uly mümkinçiliklere daýanýar. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa amala aşyrjak ilkinji döwlet sapary bu hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim bolar.

Türkmenistan bilen Hytaý milli ykdysadyýetlerini hemmetaraplaýyn ösdürmäge bolan taýýarlygyny tassyklaýan şertnama-hukuk binýadyny döretdiler. Şunda 2013-nji ýylyň sentýabrynda gol çekilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak hakyndaky bilelikdäki Jarnama, 2021-nji ýylyň noýabrynda gol çekilen «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasy» aýratyn nygtalmaly resminamalardyr. Bilelikdäki iş üçin ygtybarly binýady emele getiren dürli derejedäki ikitaraplaýyn resminamalara laýyklykda, senagat we durmuş maksatly möhüm desgalaryň birnäçesiniň gurluşygy amala aşyryldy we häzirki wagtda-da dowam etdirilýär. 2009-njy ýylda ulanyşa girizilen Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň Ýewraziýa giňişliginde iň iri energetika taslamasydygyny bu gün dünýä ykrar edýär. Häzir Türkmenistandan Hytaýa iberilýän gazyň möçberini artdyrmak, ýagny 4-nji gaz geçirijini çekmek barada gepleşikler geçirilýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýyl «Ženmin Žibao» gazetinde türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmek barada paýlaşan käbir pikirleri, şeýle hem Hytaýyň döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň haýyşy boýunça, ýurduň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat attaşesiniň sowallaryna beren jogaplary iki dostlukly döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň barha pugtalanýandygyna şaýatlyk edýär.

Oraz ABDYÝEW.
«Türkmenistan».