Dostluk, hoşniýetlilik, işewürlik

6 Ýanwar 2023
330

Türkmen-hytaý gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýär

Häzirki döwürde Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasy däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga uly gyzyklanma bildirýärler. Bu bolsa taraplaryň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlaryna hem-de milli bähbitlerine doly kybap gelýär. Şu güne çenli iki ýurduň arasynda özara gatnaşyklaryň döwlet Baştutanlarynyň we işewür düzümleriň arasynda geçirilýän duşuşyklary, gepleşikleri öz içine alýan köptaraplaýyn guraly işlenip taýýarlanyldy. Muny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna döwlet sapary hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

"Nesil".