Köptaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm guraly

9 Ýanwar 2023
608

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 14-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammiti geçirildi. Özara düşünişmek esasynda geçen bu sammitiň sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygy bilen bagly meseleleri çözmekde zerur bolan täze esaslary döredendigi bellärliklidir. Bilermenler bu sammitiň jemleri boýunça kabul edilen çözgütleriň diňe bir Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň hyzmatdaşlygynyň täze tapgyryny açyp, olaryň ykdysady ösüşine güýçli itergi bermän, eýsem, bütin Ýewraziýa giňişliginde geoykdysady düzümlere täze dörediji many-mazmun berýändigini hem nygtaýarlar.

Taryhy kökleri, dini ynançlary, köp derejede däp-dessurlary bir bolan doganlyk halklar özara hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda örän ähmiýetli tagallalary edýärler. Hormatly Prezidentimiz sammitde eden çykyşynda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlarda yzygiderli ösýändigini belläp, Hazar deňzindäki «Dostluk» uglewodorod ýatagyny bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda iki ýurduň Hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekilmegi bilen, energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň täze sahypasynyň açylandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Türkiýe Respublikasynyň hem köp ýyllardan bäri biziň ýurdumyzyň söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup durýandygyny we bu hyzmatdaşlygyň gün-günden berkeýändigini belledi. Sammite gatnaşan döwletleriň öz ösüşinde we özara gatnaşyklarda gazanan şu oňaýly netijeleri hyzmatdaşlygyň hil taýdan düýpgöter täze derejä göterilmegine esaslary döretdi. Hazaryň kenarynda geçen sammit muny doly tassyklady we onda hyzmatdaşlygyň täze hilini gazanmak üçin üç döwletiň mümkinçiliklerini birleşdirmegiň, bilelikdäki serişdeleriň, geografik, tehnologik mümkinçilikleri ulanmagyň zerurdygy bellenildi. Bu ýerde gürrüňiň, ozaly bilen, energetika hem-de ulag ulgamlary ýaly strategik ugurlar barada barýandygyny göz öňünde tutup, şu we beýleki ugurlar boýunça mümkinçilikleri utgaşdyrmaga gönükdirilen çözgütler kabul edildi.

Nurýagdy SUWHANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory.