PEKIN DUŞUŞYGY: BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ TÄZEDEN GALKYNYŞY — BIR GUŞAK, BIR ÝOL

9 Ýanwar 2023
428

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna ilkinji döwlet sapary barada söhbet

Türkmen topragyndan Hytaýa çenli aralykda, gör, näçe müň kilometr menzil, aşmasy kyn daglardyr aňyrsyna-bärsine gözýetmez çöller, derýalar... ýatyr. Şeýle-de bolsa, iki halk ir zamanlardan bäri gaýym gatnaşyklary ýola goýupdyrlar. Dostlukly ýurduň Sian şäherinden gaýdan Beýik Ýüpek ýoly yklymlary birleşdirmek bilen, diňe bir söwdanyň däl, eýsem, ideýalaryň, medeniýetleriň, hoşniýetli diplomatiýanyň hem ýoluna öwrülipdir. Ha taryh gatlaryny açyp, ha şirin dessanlarymyza gulak goýup, “Çyn-Maçyn ýurdy” diýlip waspy ýetirilen Hytaý bilen gatnaşyklarymyzyň gadymylygyndan näçe mysal getirseň, getiribermeli. Eýsem, bu taryhyň beýikligi nämede?! Onuň şaha ýaýyp, kök ýaýradyp, häzirki günde-de dowam edýänliginde! Täze belentliklere ümzük atýanlygynda! Geçmişe daýanyp, täze geljegiň döredilýänliginde!

Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”. Aşgabat — Pekin — Aşgabat.