Wýetnam-Gazagystan göni demirýol gatnawy işe girizildi

9 Ýanwar 2023
405

Wýetnamdan Gazagystana tarap ugur boýunça ilkinji demirýol gatnawy 31-nji dekabrda işe girizildi. Ol Nýaçang şäheriniň demirýol menzilinden Almaty şäherine ugrady, Hytaýyň gündogaryndaky Sianyň gämi menzilinde ol tekerleriniň çalşygyny amala aşyrdy. Soňra otly Hytaý-Ýewropa ekpresi arkaly Gazagystana ugradyldy. Onuň alyp barýan esasy harytlary elektron ulgamyna degişlidir.

Hytaýyň Merkezi telewideniýesiniň (CCTV) maglumatlaryna görä, Wýetnamda öndürilen şeýle önümleriň köp bölegi ozal deňiz arkaly Merkezi Aziýa ýurtlaryna ýetirilýärdi. Ähli işler 50 günden gowrak wagty öz içine alýardy. Göni demirýol gatnawynyň işe girizilmegi Wýetnamdan Merkezi Aziýanyň bazaryna barýan ýoly, takmynan, 25 güne çenli gysgaldyp biler.