Aşgabat — Pekin, 5-nji ýanwar (TDH). Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady.
Döwlet Baştutanymyzy Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary, şeýle-de HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen ugratdylar.