"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Barha pugtalanýan hyzmatdaşlyk

«7/24. tm», № 10 (145), 06.03.2023 2023-nji ýy­lyň 27-nji few­ra­lyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry bi­len res­mi­na­ma­la­ryň top­lu­my­na gol çe­kil­di. Bu da­ba­ra Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň we­kil­le­ri hem gat­naş­dy.

«Türkmen Logistika» assosiasiýasy bilen «DAI Global LLC» özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler

2023-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň ulag-logistika kompaniýalaryny birleşdirýän «Türkmen Logistika» assosiasiýasy bilen Amerikanyň «DAI Global LLC» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Logistika hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, üpjünçilik zynjyrlaryny we halkara ýük daşamalaryny ýeňilleşdirmekde möhüm bolan häzirki zaman sanly ulgamlary ornaşdyrmak, halkara tejribäni öwrenmek üçin halkara bilermenleriň gatnaşmagynda iş maslahatlaryny we duşuşyklary guramak, şeýle hem logistika hünärmenleriniň hünärlerini ýokarlandyrmak we taýýarlamak boýunça okuw kurslaryny hem-de seminarlary geçirmek Ähtnamanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 3-nji mart (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyz söhbetdeşligiň başynda doganlyk türk halkyna 6-njy fewralda ýurduň günorta-günbatar sebitinde bolup geçen güýçli ýertitreme zerarly ýene bir gezek çuňňur gynanç bildirdi hem-de Beýik Biribardan gurban bolanlaryň jaýynyň jennet bolmagyny, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileg etdi.

Işewürlik gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Giň möçberli özgertmeler strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar topary hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýär. Muňa 1-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etmegi aýdyň şaýatlyk edýär. Duşuşygyň dowamynda dürli ulgamlarda uly kuwwata eýe bolan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, işewür ýerine ýetirilýän işleriň barşy barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar topary tarapyndan ýurdumyzda birnäçe möhüm infrastruktura taslamalary, şol sanda geçen ýylda ulanmaga berlen, paýtagtymyz üçin uly ähmiýeti bolan sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň taslamasy amala aşyryldy.

Türkmenistan–BMG: hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

Bu gün Türkmenistan iň iri halkara guramalary tarapyndan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde uly abraýdan peýdalanýar. 27-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen resminamalaryň toplumyna gol çekmek dabarasy hem bu hakykaty ýene bir ýola tassyklady. Dabara Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň wekilleri hem gatnaşdylar. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) arasyndaky 2023-nji ýyl üçin «Türkmenistanda 2021 – 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmäge, bedenterbiýe we sport arkaly parahatçylygy, gender deňligini ilerletmäge ýaşlaryň gatnaşmagynyň gurallaryny pugtalandyrmak» atly iş meýilnamasy hem bar.

Hazar sebitiniň ulag-logistikasyna degişli halkara forum geçiriler

26-27-nji aprelde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde «Hazar sebitiniň ulag-logistikasy 2023» ady bilen halkara forum geçiriler. Oňa hazarýaka döwletleriň, şeýle-de Hindistanyň ulag we logistika boýunça wekilleri gatnaşarlar. Bu barada forumcaspian.ru web-saýty habar berýär. Iri halkara ykdysady forumda degişli döwletleriň arasynda ulag, söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, halkara ulag taslamalaryny durmuşa geçirmek we oňa döwlet goldawyny bermek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Oňa degişli döwletlerden 300-den gowrak wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Baku porty Aktau we Türkmenbaşy şäherleri bilen parom hyzmatyny ýola goýdy

Ilçi Latif Seýfaddin ogly Gandilow Azerbaýjanyň Gazagystanyň Aktau we Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherleri bilen parom hyzmatyny ýola goýandygyny aýtdy.  Azerbaýjanyň Baku portunda Merkezi Aziýadan getirilýän harytlar üçin gämi duralgasy açyldy. Bu barada Azerbaýjanyň Gyrgyzystandaky ilçisi Latif Seýfaddin ogly Gandilowyň Merkezi Aziýada ulag koridorlary: Gyrgyzystan üçin täze mümkinçilikler" atly halkara forumda eden çykyşyna salgylanyp, gyrgyz “Tazabek” internet neşiri sişenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 1-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi. Işewür wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň giň möçberli özgertmeler strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

TÜRKMENISTAN — BMG: köpýyllyk hyzmatdaşlygyň rowaç menzilleri

Şu gün Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilenine 31 ýyl dolýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistany bu abraýly düzüme kabul etmek hakyndaky çözgüdi kabul etmegi täze taryhymyzyň ýyl ýazgysynda şöhratly sahypany açdy. Bu taryhy waka halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň, saýlap alan daşary syýasy ugrunyň halkara derejede giň goldawa eýe bolýandygyny görkezdi. Ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky köpasyrlyk arzuw-umytlaryndan bina bolan Garaşsyz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny dünýä ýaýyp, häzirki zamanyň ylmy-tehniki ösüşlerine, täze gözýetimlerine çuňňur aralaşmagyna ak ýol açdy. Bu şanly sene Türkmenistanyň halkara işlere deňhukukly gatnaşmagyna mümkinçilik berip, dünýäde BMG tarapyndan ilkinji Bitarap döwlet hökmünde hukuk derejesiniň ykrar edilmegini şertlendirdi. Ýer ýüzünde parahatçylygy, tutuş adamzadyň röwşen geljegini üpjün etmek maksady bilen, 1945-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda döredilen Birleşen Milletler Guramasy dünýäde iň iri halkara düzümdir. Onuň Tertipnamasynyň belent ynsanperwerlik ýörelgeleri ählumumy parahatçylygy goldamakdan we howpsuzlygy saklamakdan, döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmekden, ynanyşmagy berkitmekden ybaratdyr. Şeýle-de ol ýörelgeler adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepillendirilmegine, ýurtlaryň ösüş çygryndaky gazananlaryna

Habarlar halkara giňişlikde

Gümrük işinde tejribe alşylýar Golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän Howdan — Bajygyran gözegçilik-geçiriş nokadynda iki ýurduň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň iş duşuşygy geçirildi. Onda türkmen-eýran gümrük hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri we ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy sebitde durnukly ösüşi gazanmakda, geosyýasy we geoykdysady meýillere salgylanmak esasynda özara netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm binýat hökmünde çykyş edýär. Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda halkara gatnaşyklaryň doly hukukly subýekti hökmünde BMG-niň agzalygyna kabul edildi. Geçen 31 ýyllyk taryhy döwrüň dowamynda ýurdumyz BMG-niň Tertipnamasyna hem-de onda beýan edilen ynsanperwer ýörelgelere ygrarlydygyny iş ýüzünde subut etmek bilen, dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagynyň bähbidine öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli berjaý edýär. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe mejlislerinde wise-başlyklygyň borçlaryny ýokary abraý bilen ýerine ýetirendigini hem-de ýurdumyzyň öňe süren döredijilikli başlangyçlary esasynda onlarça dünýä ähmiýetli Rezolýusiýalaryň kabul edilendigini aýratyn nygtamak zerur. Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň hem wise-başlyklygyna saýlanmagy döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli daşary syýasy strategiýasyna dünýä möçberinde ýokary baha berilýändiginiň nobatdaky anyk subutnamasy bolup durýar.

Öňüni alyş diplomatiýasy — ylalaşykly ýaşaýşa çagyryş

Öňňin, 27-nji fewralda paýtagtymyza BMG-niň ştab-kwartirasyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi barada hoş habaryň gelip gowuşmagy başymyzy göge ýetirdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň bu şanly waka mynasybetli türkmen halkyna iberen Gutlagynda nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygynyň, biziň alyp barýan daşary syýasat ugrumyzyň netijelidiginiň nobatdaky aýdyň beýanydyr. Öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýetiniň hem-de möhümdiginiň tassyklanmagydyr. Şeýle-de parahatçylygy goldamak we dünýä gurluşy babatda Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite syýasy edaralarynyň ornunyň wajypdygynyň ykrar edilmegidir. Hawa, jahanda uruş-jeňiň, dawa-şeriň öňüni almak baradaky alada adamzat döräli bäri çözülmesi kyn ählumumy möhüm meseleleriň biri bolmagynda galýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow turuwbaşdan umumadamzat parahatçylygyna howp salýan wehimleriň öňüni almaga, dünýäde asuda, parahat durmuşy üpjün etmäge çagyrýan ençeme başlangyçlar bilen BMG-niň belent münberinden çykyş etdi. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan häzirki wagta çenli 21 sany Kararnama kabul edildi. Şolaryň üçüsi halkara gatnaşyklarda

Milli aragatnaşyk ulgamy halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen BMG-nyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Türkmenistanda Pudagara elektron maglumat alyşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek hakynda Taslama resminamasyna» gol çekildi. 27-nji fewralda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň we BMG-nyň wekilleriniň gatnaşmagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen «Türkmenistanda Pudagara elektron maglumat alyşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek hakynda Taslama resminamasyna» gol çekişlik dabarasy geçirildi.

Türkmenistan — Bahreýn: hoşniýetli gatnaşyklaryň täze sahypasy (Ýaş žurnalistiň sözi)

Arada ýatan menzillere garamazdan, ýürek sesi ýürek sesiňe sazlaşýan dostlaryň gadyry, gymmaty başgaça bolýar. Garaşsyzlygymyz bilen gülläp ösen türkmen-bahreýn dostlugy-da barha gül açmak bilendir. 1995-nji ýylyň 15-nji dekabrynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýlan Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky uzak wagtlaýyn dostluk köprüsi ýagşy niýetleriň, ikitaraplaýyn bähbitli ylalaşyklaryň üsti bilen guruldy. Şu ýylyň 21-22-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň Bahreýn Patyşalygyna amala aşyran resmi sapary umumy abadançylygyň bähbidine giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm sahypany açdy. Ir döwürlerden bäri «Dürler mekany» diýlip tanalýan, Aýlag sebitinde ýerleşen Bahreýniň ady «Iki deňiz», has takygy, «Iki deňziň arasy» diýen manyny berýär. Bu döwletde ýerasty süýji suwlaryň ätiýaçlyklarynyň köpdügi bilen düşündirilýär. Şeýlelikde, birinji deňiz döwletiň töweregini gurşaýan Aýlag, ikinjisi bolsa ýerasty süýji suwly deňizdir.

Türkmen-bahreýn ykdysady hyzmatdaşlygy ösýär

Bahreýn Patyşalygy — Ýakyn Gündogar sebitinde Türkmenistanyň işjeň hyzmatdaş döwleti bolup durýar. Iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1995-nji ýylyň dekabr aýynda ýola goýuldy. Şol döwürden bäri, türkmen we bahreýn halklarynyň arasyndaky gatnaşyklar iki döwletiň arasyndaky häzirki zaman hoşniýetli hyzmatdaşlygy bilen utgaşyp gidýär. Bahreýn Patyşalygy Pars aýlagynyň demirgazyk-günbatar bölegindäki arhipelagda ýerleşýär. Ýurduň adynyň gelip çykyşy boýunça «iki deňziň goşulyşýan ýeri» diýen manyny berýär. Ýurt ýaramly oazislerde hurma palmasy, sitrus ekinleri, üzüm, şetdaly, bugdaý, mekgejöwen, arpa ýaly birnäçe oba hojalyk önümlerine ýöriteleşendir. Bahreýn Patyşalygynyň milli ykdysadyýetiniň özenini uglewodorod çig mallary we gaýtadan işleýän senagat düzýär. Nebitiň çykarylyşy 1932-nji ýyldan bäri «Bahrain Petroleum» kompaniýasy tarapyndan alnyp barylýar. Häzirki wagtda «Bahrain Petroleum» kompaniýasy bu pudaga doly gözegçilik edýär. Bahreýnde nebitden başga-da, tebigy gazyň gorlary bardyr, onuň çykarylyşy we gaýtadan işlenilişi 1979-njy ýyldan bäri, Bahreýniň milli gaz kompaniýasy (BANAGAZ) tarapyndan alnyp barylýar. Tebigy gazyň barlanylan gorlary 92,03 mlrd. kub metre deň bolup, olaryň köp bölegi Awali nebit ýatagyndan alynýan nebitiň ýany bilen çykýan gazdyr.Bahreýnde çykarylýan tebigy gaz tutuşlygyna içerki bazarda, şol sanda elektrostansiýalarda, nebitiň çyka

Gazagystan Türkmenistan bilen serhedindäki barlag nokadyna elektron nobat ulgamyny girizdi

Gazagystan 22-nji fewraldan Türkmenistan bilen serhedindäki Temir-Baba barlag nokadyna elektron nobat ulgamyny girizdi. Bu barada Gazagystanyň Döwlet girdeji komitetiniň metbugat gullugy habar berdi. Gazak-hytaý serhedindäki birnäçe barlag nokatlarynda 2022-nji ýylyň 23-nji noýabryndan «CarGoRuqsat» elektron nobat hyzmaty girizildi. Elektron nobat hyzmaty Qoldau.kz sanly platformasynda ulanyjylar üçin tölegsizdir.

Azerbaýjan Baku–Türkmenbaşy–Baku ugry boýunça ulag arkaly ýük daşamalara arzanladyş hödürleýär

Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçilik kompaniýasy (ASCO) 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap Baku–Türkmenbaşy–Baku ugry boýunça ulag arkaly ýük daşamalaryna arzanladyş yglan edýär. Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçilik kompaniýasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, uzynlygy 16,5 metre deň bolan tirkegli bir adaty ýük awtoulagynyň bir tarapa (Baku–Türkmenbaşy ýa-da Türkmenbaşy–Baku) daşalmagynyň nyrhy 1072 amerikan dollarynyň ýerine 1000 dollar bolar. Mundan başga-da, öňünden satyn alnan ýagdaýynda, iki tarap üçin petek 1716 amerikan dollarynyň ýerine 1600 dollar bolar. Nyrhlaryň arzanladylmagy tigirli ulagyň uzynlygyna görä hasaplanar.

Özbegistan we Müsür 20-den gowrak ylalaşyga gol çekdi

Mälim bolşy ýaly, geçen hepde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Müsürde saparda boldy. Saparyň dowamynda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de, ösdürmek maksatly 20-den gowrak ylalaşyga gol çekildi. Geleşikleriň umymy bahasy 1,6 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Saparyň çäklerinde Özbegistanyň Prezidenti bilelikdäki müsür-özbek forumyna gatnaşyp, öňdebaryjy müsür kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Özbek Lideriniň metbugat gullugynyň maglumatlaryna görä, duşuşyklarda senagat, energetika, eletkrotehnika, himiýa, dag-magdan, dokma, oba hojalygy, derman önümçiligi we gön-aýakgap pudaklaryndaky giň mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de, müsür-özbek işewürleri bilelikdäki maýa goýum taslamalary durmuşa geçirmek babatda pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň DIM-niň HGI-da Aziýany we Ýewropany birikdirýän ulag taslamalarynyň geljeginiň meseleleri maslahatlaşyldy

DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty Aziýany Ýewropa bilen birikdirýän ulag-üstaşyr taslamalaryň mümkinçiliklerine, şeýle hem bu başlangyçlardaky Türkmenistanyň ornuna bagyşlanan ylmy-amaly maslahatynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Leksiýada çykyş etmäge dürli ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy edaralaryň wekilleri, şeýle hem ýurduň ulag pudagynda bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmeklige gönüden-göni gatnaşýan «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri çagyryldy.

Türkmenistan we Özbegistan halkara awtoulag gatnawlary boýunça gepleşikler geçirdiler

2023-nji ýylyň 23-nji fewralynda göni wideo aragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň we Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň wekilleriniň arasynda ulag boýunça türkmen-özbek işçi toparyň nobatdaky gepleşikleri geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda, iki döwletiň arasynda awtoulag, demir ýol we gämi gatnawlarynyň häzirki ýagdaýlaryna seredildi we geljekde halkara multimodal gatnawlaryny has-da artdyrmak we ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.