Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi

1 Mart 2023
614

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy sebitde durnukly ösüşi gazanmakda, geosyýasy we geoykdysady meýillere salgylanmak esasynda özara netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm binýat hökmünde çykyş edýär. Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda halkara gatnaşyklaryň doly hukukly subýekti hökmünde BMG-niň agzalygyna kabul edildi. Geçen 31 ýyllyk taryhy döwrüň dowamynda ýurdumyz BMG-niň Tertipnamasyna hem-de onda beýan edilen ynsanperwer ýörelgelere ygrarlydygyny iş ýüzünde subut etmek bilen, dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagynyň bähbidine öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli berjaý edýär.

Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe mejlislerinde wise-başlyklygyň borçlaryny ýokary abraý bilen ýerine ýetirendigini hem-de ýurdumyzyň öňe süren döredijilikli başlangyçlary esasynda onlarça dünýä ähmiýetli Rezolýusiýalaryň kabul edilendigini aýratyn nygtamak zerur. Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň hem wise-başlyklygyna saýlanmagy döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli daşary syýasy strategiýasyna dünýä möçberinde ýokary baha berilýändiginiň nobatdaky anyk subutnamasy bolup durýar.

Daýanç ANNADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.