Öňüni alyş diplomatiýasy — ylalaşykly ýaşaýşa çagyryş

1 Mart 2023
583

Öňňin, 27-nji fewralda paýtagtymyza BMG-niň ştab-kwartirasyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi barada hoş habaryň gelip gowuşmagy başymyzy göge ýetirdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň bu şanly waka mynasybetli türkmen halkyna iberen Gutlagynda nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygynyň, biziň alyp barýan daşary syýasat ugrumyzyň netijelidiginiň nobatdaky aýdyň beýanydyr. Öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýetiniň hem-de möhümdiginiň tassyklanmagydyr. Şeýle-de parahatçylygy goldamak we dünýä gurluşy babatda Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite syýasy edaralarynyň ornunyň wajypdygynyň ykrar edilmegidir.

Hawa, jahanda uruş-jeňiň, dawa-şeriň öňüni almak baradaky alada adamzat döräli bäri çözülmesi kyn ählumumy möhüm meseleleriň biri bolmagynda galýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow turuwbaşdan umumadamzat parahatçylygyna howp salýan wehimleriň öňüni almaga, dünýäde asuda, parahat durmuşy üpjün etmäge çagyrýan ençeme başlangyçlar bilen BMG-niň belent münberinden çykyş etdi. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan häzirki wagta çenli 21 sany Kararnama kabul edildi. Şolaryň üçüsi halkara gatnaşyklarda öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýeti bilen baglanyşyklydyr. Bu günki günde Milli Liderimizi dünýä bileleşigi halkara gatnaşyklarda «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ynsanperwer filosofiýalaryň öňbaşçysy hökmünde tanaýar.

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory.