Baku porty Aktau we Türkmenbaşy şäherleri bilen parom hyzmatyny ýola goýdy

2 Mart 2023
574

Ilçi Latif Seýfaddin ogly Gandilow Azerbaýjanyň Gazagystanyň Aktau we Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherleri bilen parom hyzmatyny ýola goýandygyny aýtdy. 

Azerbaýjanyň Baku portunda Merkezi Aziýadan getirilýän harytlar üçin gämi duralgasy açyldy. Bu barada Azerbaýjanyň Gyrgyzystandaky ilçisi Latif Seýfaddin ogly Gandilowyň Merkezi Aziýada ulag koridorlary: Gyrgyzystan üçin täze mümkinçilikler" atly halkara forumda eden çykyşyna salgylanyp, gyrgyz “Tazabek” internet neşiri sişenbe güni habar berdi.