Türkmenistan we Özbegistan halkara awtoulag gatnawlary boýunça gepleşikler geçirdiler

27 Fewral 2023
349

2023-nji ýylyň 23-nji fewralynda göni wideo aragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň we Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň wekilleriniň arasynda ulag boýunça türkmen-özbek işçi toparyň nobatdaky gepleşikleri geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda, iki döwletiň arasynda awtoulag, demir ýol we gämi gatnawlarynyň häzirki ýagdaýlaryna seredildi we geljekde halkara multimodal gatnawlaryny has-da artdyrmak we ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.