Türkmenistan–BMG: hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

3 Mart 2023
622

Bu gün Türkmenistan iň iri halkara guramalary tarapyndan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde uly abraýdan peýdalanýar. 27-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen resminamalaryň toplumyna gol çekmek dabarasy hem bu hakykaty ýene bir ýola tassyklady. Dabara Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) arasyndaky 2023-nji ýyl üçin «Türkmenistanda 2021 – 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmäge, bedenterbiýe we sport arkaly parahatçylygy, gender deňligini ilerletmäge ýaşlaryň gatnaşmagynyň gurallaryny pugtalandyrmak» atly iş meýilnamasy hem bar.

«Türkmen sporty».