Azerbaýjan Baku–Türkmenbaşy–Baku ugry boýunça ulag arkaly ýük daşamalara arzanladyş hödürleýär

27 Fewral 2023
637

Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçilik kompaniýasy (ASCO) 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap Baku–Türkmenbaşy–Baku ugry boýunça ulag arkaly ýük daşamalaryna arzanladyş yglan edýär.

Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçilik kompaniýasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, uzynlygy 16,5 metre deň bolan tirkegli bir adaty ýük awtoulagynyň bir tarapa (Baku–Türkmenbaşy ýa-da Türkmenbaşy–Baku) daşalmagynyň nyrhy 1072 amerikan dollarynyň ýerine 1000 dollar bolar. Mundan başga-da, öňünden satyn alnan ýagdaýynda, iki tarap üçin petek 1716 amerikan dollarynyň ýerine 1600 dollar bolar. Nyrhlaryň arzanladylmagy tigirli ulagyň uzynlygyna görä hasaplanar.

Sülgün Nepesowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.