Işewürlik gatnaşyklary pugtalandyrylýar

3 Mart 2023
675

Giň möçberli özgertmeler strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar topary hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýär. Muňa 1-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etmegi aýdyň şaýatlyk edýär.

Duşuşygyň dowamynda dürli ulgamlarda uly kuwwata eýe bolan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, işewür ýerine ýetirilýän işleriň barşy barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar topary tarapyndan ýurdumyzda birnäçe möhüm infrastruktura taslamalary, şol sanda geçen ýylda ulanmaga berlen, paýtagtymyz üçin uly ähmiýeti bolan sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň taslamasy amala aşyryldy.

«Nesil».