Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

4 Mart 2023
1295

Aşgabat, 3-nji mart (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz söhbetdeşligiň başynda doganlyk türk halkyna 6-njy fewralda ýurduň günorta-günbatar sebitinde bolup geçen güýçli ýertitreme zerarly ýene bir gezek çuňňur gynanç bildirdi hem-de Beýik Biribardan gurban bolanlaryň jaýynyň jennet bolmagyny, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileg etdi.