Türkmen-bahreýn ykdysady hyzmatdaşlygy ösýär

27 Fewral 2023
579

Bahreýn Patyşalygy — Ýakyn Gündogar sebitinde Türkmenistanyň işjeň hyzmatdaş döwleti bolup durýar. Iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1995-nji ýylyň dekabr aýynda ýola goýuldy. Şol döwürden bäri, türkmen we bahreýn halklarynyň arasyndaky gatnaşyklar iki döwletiň arasyndaky häzirki zaman hoşniýetli hyzmatdaşlygy bilen utgaşyp gidýär.

Bahreýn Patyşalygy Pars aýlagynyň demirgazyk-günbatar bölegindäki arhipelagda ýerleşýär. Ýurduň adynyň gelip çykyşy boýunça «iki deňziň goşulyşýan ýeri» diýen manyny berýär. Ýurt ýaramly oazislerde hurma palmasy, sitrus ekinleri, üzüm, şetdaly, bugdaý, mekgejöwen, arpa ýaly birnäçe oba hojalyk önümlerine ýöriteleşendir. Bahreýn Patyşalygynyň milli ykdysadyýetiniň özenini uglewodorod çig mallary we gaýtadan işleýän senagat düzýär. Nebitiň çykarylyşy 1932-nji ýyldan bäri «Bahrain Petroleum» kompaniýasy tarapyndan alnyp barylýar. Häzirki wagtda «Bahrain Petroleum» kompaniýasy bu pudaga doly gözegçilik edýär. Bahreýnde nebitden başga-da, tebigy gazyň gorlary bardyr, onuň çykarylyşy we gaýtadan işlenilişi 1979-njy ýyldan bäri, Bahreýniň milli gaz kompaniýasy (BANAGAZ) tarapyndan alnyp barylýar. Tebigy gazyň barlanylan gorlary 92,03 mlrd. kub metre deň bolup, olaryň köp bölegi Awali nebit ýatagyndan alynýan nebitiň ýany bilen çykýan gazdyr.Bahreýnde çykarylýan tebigy gaz tutuşlygyna içerki bazarda, şol sanda elektrostansiýalarda, nebitiň çykarylyşyny ýokarlandyrmak boýunça taslamalaryň çäginde we agyr senagatda sarp edilýär. «Aluminum Bahrain» (Alba) kompaniýasy içerki bazaryň tebigy gazynyň iň köp sarp edijisi bolmak bilen, ol dünýäde iň uly alýumin zawodlarynyň hataryna girýär.

Perhat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy.