Türkmenistan — Bahreýn: hoşniýetli gatnaşyklaryň täze sahypasy (Ýaş žurnalistiň sözi)

27 Fewral 2023
691

Arada ýatan menzillere garamazdan, ýürek sesi ýürek sesiňe sazlaşýan dostlaryň gadyry, gymmaty başgaça bolýar. Garaşsyzlygymyz bilen gülläp ösen türkmen-bahreýn dostlugy-da barha gül açmak bilendir. 1995-nji ýylyň 15-nji dekabrynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýlan Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky uzak wagtlaýyn dostluk köprüsi ýagşy niýetleriň, ikitaraplaýyn bähbitli ylalaşyklaryň üsti bilen guruldy. Şu ýylyň 21-22-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň Bahreýn Patyşalygyna amala aşyran resmi sapary umumy abadançylygyň bähbidine giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm sahypany açdy.

Ir döwürlerden bäri «Dürler mekany» diýlip tanalýan, Aýlag sebitinde ýerleşen Bahreýniň ady «Iki deňiz», has takygy, «Iki deňziň arasy» diýen manyny berýär. Bu döwletde ýerasty süýji suwlaryň ätiýaçlyklarynyň köpdügi bilen düşündirilýär. Şeýlelikde, birinji deňiz döwletiň töweregini gurşaýan Aýlag, ikinjisi bolsa ýerasty süýji suwly deňizdir.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».