Gazagystan Türkmenistan bilen serhedindäki barlag nokadyna elektron nobat ulgamyny girizdi

27 Fewral 2023
705

Gazagystan 22-nji fewraldan Türkmenistan bilen serhedindäki Temir-Baba barlag nokadyna elektron nobat ulgamyny girizdi. Bu barada Gazagystanyň Döwlet girdeji komitetiniň metbugat gullugy habar berdi.

Gazak-hytaý serhedindäki birnäçe barlag nokatlarynda 2022-nji ýylyň 23-nji noýabryndan «CarGoRuqsat» elektron nobat hyzmaty girizildi. Elektron nobat hyzmaty Qoldau.kz sanly platformasynda ulanyjylar üçin tölegsizdir.

Maýsa HALLYÝEWA,
Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.