Türkmenistanyň DIM-niň HGI-da Aziýany we Ýewropany birikdirýän ulag taslamalarynyň geljeginiň meseleleri maslahatlaşyldy

27 Fewral 2023
378

DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty Aziýany Ýewropa bilen birikdirýän ulag-üstaşyr taslamalaryň mümkinçiliklerine, şeýle hem bu başlangyçlardaky Türkmenistanyň ornuna bagyşlanan ylmy-amaly maslahatynyň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Leksiýada çykyş etmäge dürli ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy edaralaryň wekilleri, şeýle hem ýurduň ulag pudagynda bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmeklige gönüden-göni gatnaşýan «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri çagyryldy.