"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana döwlet sapary üstünlikli tamamlandy

«7/24. tm», №20 (155), 15.05.2023. Geçen hep­de­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow iki gün­lük döw­let sa­pa­ry bi­len Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­syn­da bol­dy. Mu­nuň özi döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bu dost­luk­ly ýur­da ama­la aşy­ran il­kin­ji sa­pa­ry­dyr.

Ýerewanda ulag-üstaşyr infrastrukturasynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Ýakynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçisi M.Aýazow Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýerine ýetiriji direktory A.Aleksanýan bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň barşynda ulag-logistika infrastrukturasy we täze logistika ugurlaryny ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Türkmenistanyň üsti bilen ermeni ýüklerini daşamagyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleri baradaky meseleler gozgalyp, göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça özara pikir alşyldy.

Türkmen-täjik gatnaşyklary: taryhy tejribe we täze mümkinçilikler

«Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýakyn goňşular we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen köptaraply gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Şoňa görä-de, sebit döwletleri bilen özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guralýan hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Olaryň hatarynda Täjigistan Respublikasy hem bar. Türkmen we täjik halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklary öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Biziň taryhy ösüşimizde, medeniýetimizde, däp-dessurlarymyzda hem umumylyklar köpdür. Aziýa yklymynyň merkezinde, geografik taýdan amatly ýerleşmegi diňe bir sebit däl, eýsem, ählumumy derejede-de ýurtlarymyz üçin möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlygyna eýe bolan pursadyndan başlap, iki halkyň hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary täze taryhy eýýama gadam basdy. 1993-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlanyndan bäri geçen 30 ýylyň dowamynda ýurtlarymyz ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygyň baý tejribesini topladylar. Turuwbaşdan, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň binýady iki döwletiň gyzyklanmalarynyň nazarda tutulmagy arkaly özara bähbitlilige esaslandy we ol bu günki günde syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünl

Daglar uzakdan aýdyň görünýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna ilkinji döwlet sapary hakynda söhbet Aşgabatdan Duşenbä ýetmek üçin sagatlarça menzil sökmäge, ýa bolmasa, baranyňdan soň, sagadyňy ýerli wagta sazlamaga asla zerurlyk ýok. Täjigistan — geografik taýdanam, medeni-ruhy ýörelgeler babatda-da bize ýakyn ýurt. Haçan-da çarşenbe güni, 10-njy maýda ir säher paýtagtymyzdan asmana göterilen howa gämimiz bir ýarym sagat çemesi wagt ýol geçip, Duşenbäniň Halkara howa menzilinde gonanda, gözüň düşýän görnüşler şol ýakynlygy ýene bir gezek sözsüz tassyklaýardy. Milli lybasa beslenen, «Hoş geldiňiz!», «Huş omaded!» diýip, hem türkmençe, hem täjikçe mübärekleýän, iki dilde gezekleşdirip aýdym aýdýan, tans edýän döredijilik toparlarynyň şowhuny dag tarapdan gelýän adaja bahar şemalynyň öwüsginine garyşyp, çar ýana ýaýrap gidýärdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dostlukly Täjigistana ilkinji döwlet saparyna nägadar ähmiýet berilýändigini aýan-aýdyň görkezýärdi. Şeýdibem, ilkinji pursatlardan göwün göwne garyşdy, şatlyk şatlyga ulaşdy. Howa menzilinden Hökümet kabulhanasyna çenli aralykda-da täjigistanly doganlarymyz ýolugra gollarynda türkmen we täjik baýdaklaryny pasyrdadyp, Arkadagly Serdarymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Saparyň bütin dowamyna hem şeýlekin äheň — dost-doganlyk ruhy mahsus boldy. Şeýle ýagdaý, elbetde, h

Pikirler, garaýyşlar

Daler JUMA,Täjigistan Respublikasynyň energetika we suw serişdeleri ministri:

Türkmenistan — Täjigistan: gatnaşyklar berk taryhy köklere daýanýar

10-11-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Täjigistan Respublikasynda boldy Türkmen hem-de täjik halklary asyrlaryň dowamynda dostlukly ýaşap, edil dogan ýaly agzybirlikde, ýakyn gatnaşykda bolup gelen halklardyr. Halk nakyllarynda «Dogan — dogana gala» diýlişi ýaly, iki doganlyk ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklar hem berk taryhy köklere daýanýar. Şoňa görä-de, diplomatik gatnaşyklary 1993-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda ýola goýlan Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky gatnaşyklar döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen täze derejelere çykýar. Muny hormatly Prezidentimiziň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran ilkinji döwlet sapary nobatdaky gezek subut etdi.

Türkmenistan — gadymy gymmatlyklaryň mekany

Häzirki günlerde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy we bu abraýly halkara guramasynyň «Maddy däl medeni mirasy goramak hakyndaky» Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli Diýarymyzda dabaralar, ylmy-amaly maslahatlar giňişleýin geçirilýär. Ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde guramaklarynda şu gün Lebap ilinde «Türkmenistan — umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklaryň mekany» diýen at bilen geçirilen dabaraly çäre hem şu şanly senelere bagyşlandy. Welaýat merkezindäki kaşaň medeniýet öýi dabaraly çäräniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýere welaýat, şäher häkimlikleriniň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim, medeniýet işgärleri, talyp ýaşlar ýygnandylar. Welaýat ýörite sungat mekdebiniň bagşy-sazandalary medeniýet öýüniň eýwanynda çärä gatnaşyjylary şirin aýdymlar bilen garşyladylar. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň welaýat bölüminiň wekilleri bolsa bu ýerde öz döreden nakgaşçylyk eserleriniň sergisini guradylar.

«Demirýollary» AGPJ we IBA Group demir ýol pudagyndaky taslamalaryň üstünde işlemegi ylalaşdylar

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri we IBA Group Halkara holdingi IT-tehnologiýalar we hünärmenleri okatmak babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi ylalaşdylar. Aşgabatda geçen ITTC-2023 ulag maslahatynyň meýdançasynda taraplar hyzmatdaşlyk etmek hakynda degişli ähtnama gol çekdiler. IBA Group kompaniýasynyň Türkmenistanyň demir ýol edarasy bilen gepleşikleriniň barşynda ýurduň ugurdaş edaralarynyň milli demir ýol toplumynyň tehniki düzüm bölegini kämilleşdirmegiň üstünde hemişelik işleýändikleri nygtaldy.

Türkmen-täjik strategik hyzmatdaşlygy dostlukly halklaryň bähbidine ösdürilýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy Duşenbe — Aşgabat, 11-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy.

Ynsanperwerligiň we hoşniýetliligiň nusgasy

10-11-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran ilkinji döwlet sapary dostluk, ynanyşmak, özara goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-täjik gatnaşyklarynyň häzirki zaman taryhynda täze sahypany açdy. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda Duşenbede geçirilen ýokary derejeli gepleşikler we olaryň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar dostlukly ýurtlaryň strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny doly subut etdi. Saparyň çäginde Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binasynyň düýbüniň tutulyş dabarasynyň geçirilmegi bolsa onuň ähmiýetini has-da artdyran guwançly waka öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda ýola goýlup, şondan bäri iki doganlyk halkyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, umumy taryhy köklerine hem-de ruhy-medeni gymmatlyklaryna esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde oňyn tejribe toplanyldy. Soňky ýyllarda türkmen-täjik gatnaşyklary uzak möhletleýin we strategik häsiýete eýe bolýar. Döwlet, hökümetara we pudagara derejelerde gol çekilen köp sanly resminamalary özünde jemleýän şertnama-hukuk binýady, şeýle-de yzygiderli guralýan saparlar, geçirilýän syýasy geňeşmeler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Fotosuratlarda — gözel Italiýa

Öňňin, 10-njy maýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Alinari doganlary we häzirki zaman fotosuratlarynyň ussatlary» atly fotosergi açyldy. Italiýanyň gözel tebigatyny, taryhyny, medeniýetini we sungatyny beýan edýän bu çäräniň açylyş dabarasyna Medeniýet ministrliginiň, daşary ýurtlaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de sungat muşdaklary gatnaşdylar. Bu ýerde ajaýyp italýan sazlary hem ýaňlandy.

Adam hukuklarynyň goraglylygy halkara derejesinde

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Adam hukuklary boýunça ählumumy deklarasiýanyň kabul edilmeginiň 75 hem-de Wena deklarasiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli okuw maslahaty guraldy. Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň wekilhanasy tarapyndan guralan maslahata ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň çäginde Adam hukuklary baradaky halkara konwensiýasynyň mazmuny, halkara hukuklaryň adam hukuklarynyň çägindäki milli kanunçylyk kadalary, ýurdumyzyň adam hukuklary babatynda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy baradaky çykyşlar diňlenildi. Olarda nygtalyşy ýaly, türkmenistanlylaryň bähbidiniň goralmagyna, olaryň syýasy, ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer hukuklarynyň we raýatlyk azatlyklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen demokratik özgertmeleri amala aşyrmak hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm konwensiýalaryny, şol sanda adam hukuklary baradaky çözgütlerini tassyklap, ýurdumyz bu resminamalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça anyk çäreleri amala aşyrýar

Astrahandaky türkmen diplomatlary ýerli gämi gurluşyk pudagy bilen tanyşdylar

Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Nury Gölliýew Birleşen gämi gurluşyk korporasiýasynyň direktorlar geňeşiniň baştutany Georgiý Poltawçenko bilen duşuşdy, ol diplomata 00108 birinji konteýner daşaýjynyň gurluşygyna başlanandygy barada habar berdi – diýip, türkmen konsullygy habar berýär. 00108 taslamanyň konteýner daşaýjysy — bu ilkinji rus köp ugurly gämisiniň taslamasydyr, ol hem refrižerator konteýnerleri, hem halkara ölçegli konteýnerleri daşamaga ukyplydyr. 

Türkmenistan 2023-nji ýylyň güýzünde TRASEKA-nyň doly hukukly agzasy bolar

Türkmenistan eýýäm şu ýylyň güýzünde TRASEKA-nyň agzasy bolup biler. Bu barada maksatnamanyň hökümetara toparynyň hemişelik sekretariatynyň baş sekretary Aset Asawbaýew beýan etdi. «Türkmenistan bu gurama girmek bilen, özüniň ulag pudagynyň ösüşini, şeýle hem ýük daşamalaryny sanlylaşdyrmak işlerini tizleşdirip biljekdigini  bellemek isleýärin. Mundan başga-da, onuň TRASEKA-nyň 13 agza-ýurduna ýönekeýleşdirilen elýeterliligi bolar. Öz gezeginde, MA ýurtlarynyň ulagyny ösdürmegiň täze mümkinçilikleri açylar» - diýip, Asawbaýew aýtdy.

Ulag ulgamynyň ygtybarly binýady

Her bir gazanylan üstünligiň aňyrsynda irginsiz zähmetiň, asylly maslahatyň, dostanalygyň bolýandygy ezelden gelýän durmuş hakykatydyr. Goňşa gol berip, dostana gatnaşyklary has ileri tutýan türkmen halkynyň bu günki ýeten belent abraýy-da hut taryhyň sahypalarynda öz beýanyny tapýar. Bu-da bir milletiň aňyýetine ornaşan asylly häsiýetleriň biridir. Ine, şeýle dostana gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda bu günki gün ulag-logistika ulgamyny ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda asyrlara barabar işler durmuş hakykatyna öwrülýär. Ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümler, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamynyň döwrebap görnüşi kemala getirilýär. Munuň özi gadymy hem müdimi Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede, täzeçil röwüşde dikeldilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Logistikanyň maksady — önümi tiz wagtda we ygtybarly ýagdaýda öndüriji kärhanalardan alyjylar köpçüligine ýetirmekden ybarat bolup durýar. Bu adalga halkara hyzmatdaşlygynda önümiň, harydyň ýa-da ýerine ýetirilmeli hyzmatyň dolandyryş ulgamynyň ulaglar bilen daşalyşyny sazlaşdyrmak, ulgamlaşdyrmak ýaly toplumlaýyn işleriň kesgitlemesi hökmünde garalýar. Ýurdumyz şeýle ulgamyň ösmegi ugrundaky asylly işleri guramakda ilkinjileriň hatarynda bolmak bilen, asylly maslahatlaryň we deg

Durnukly ulag ulgamynyň mümkinçilikleri

Türkmenistan Watanymyzyň başlangyçlary hemişe dünýä derejesinde giň goldawa eýe bolýar. Taryhda halklar arasynda uly meşhurlyga eýe bolan Beýik Ýüpek ýoly täzeden dikeldilýär. Ýurdumyz Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag taslamalaryny, TRASEKA halkara ulag geçelgesini döretmäge işjeň gatnaşýar. Bu ugra gönükdirilen milli maksatnamalar amala aşyrylanda, dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen meseleleriň çözülmegine uly ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigine mysal hökmünde golaýda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly giň möçberli halkara maslahaty hem-de sergini görkezmek bolar. Ulag ulgamynda alnyp barylýan giň möçberli işler halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmäge, halkara ýükleriň görnüşlerini köpeltmäge, ýük daşamalaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga we giňeltmäge daşary ýurt guramalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da kämilleşdirmäge ýardam berýär. Geçen ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen kabul edilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» bu ugurda strategik taýdan amatly çäreleri göz öňünde tutmaga, ýurdumyzyň ulag ulgamynyň hem-de halkara ulag hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny ha

Hytaý kompaniýasy Türkmenistana Hazaryň düýbüni çuňlaşdyrmak işleri üçin läbik sorujy snarýady iberdi

Qingdao Relong Technology Co., Ltd. hytaý kompaniýasy Hazar şäheriniň golaýynda Hazar deňziniň kenarynda düýbi çuňlaşdyrmak işleriniň geçirilmegi üçin läbik sorujy dredgingi Türkmenistana iberdi – diýip, Dredging Today habar berýär. «Durnukly ykdysady ösüşiň meýilnamalary bilen baglanyşykly we bu suw ýollary arkaly üznüksiz nawigasiýany üpjün etmegiň zerurlygy sebäpli, Hazar deňziniň töwereginde düýbi çuňlaşdyryjy gämileriň has köp sanyna isleg artýar, biz üpjün etmeleri artdyrmaga taýýardyrys» – diýip, kompaniýada beýan etdiler.

Türkmenbaşy porty halkara hyzmatdaşlygy giňeldýär we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar

“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi pudaklaýyn ösüşiň ileri tutulýan ugurlary boýunça halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýär. 3-4-nji maýda Aşgabatda geçirilen ITTC-2023 Halkara ulag forumynyň çäginde agentligiň düzümine girýän kärhanalar daşary ýurt kompaniýalary bilen täze ylalaşyklary baglaşdylar. Şeýlelikde, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty “Albayrak Group” türk kompaniýasy bilen özara düşünişmek Memorandumyna we “Anipra Impex Ltd» hindi kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk hakynda Memoranduma gol çekdi. "Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody bolsa «Bureau Veritas Marine Kazakhstan” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti (JÇJ) bilen hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyk baglaşdy.

Ynsanperwer ýörelgeleriň dowamatlylygy

Türkmenistanyň owgan halkyna goldawynda öz beýanyny tapýar Biz gündelik durmuşymyzda «ynsanperwerlik» diýen sözi ýygy-ýygydan eşidýäris. Aslynda, «ynsanperwerlik» dürli manyda — dünýägaraýyş, durmuş ýörelgesi, jemgyýetçilik gurluşynyň ulgamy, filosofik konsepsiýa ýa-da jemgyýetçilik hereketi babatda ulanylýan adalgadyr. Haýsy manyny aňladýandygyna garamazdan, adamzada söýgi ideýasynyň bu düşünjäniň özenini düzmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Islendik adama ynsanperwer häsiýetleriň mahsus bolmagy ony gurşap alýan dünýä üçin örän ähmiýetli. Şeýle bolýan bolsa, ynsanperwer ýörelgeleriň, haýyr-sogaply işleriň döwlet syýasaty derejesine göterilmeginiň gymmatyny nämeler bilen deňemek mümkin?! Şu barada oýlananymyzda, bada-bat türkmen jemgyýetinde Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda binýady goýlan asylly başlangyçlaryň göz öňümizde janlanmagy-da tebigy ýagdaýdyr.

Habarlar halkara giňişlikde

Türkmenistanyň başlangyçlary ilerledilýär Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly çekişmeleriň konsepsiýasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edildi. Baş Assambleýanyň 2022-nji ýylyň 28-nji iýulyndaky adybir Kararnamasyna laýyklykda, bu çekişmeleri şu ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň ştab-kwartirasynda geçirmek meýilleşdirilýär.