Adam hukuklarynyň goraglylygy halkara derejesinde

11 Maý 2023
397

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Adam hukuklary boýunça ählumumy deklarasiýanyň kabul edilmeginiň 75 hem-de Wena deklarasiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli okuw maslahaty guraldy. Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň wekilhanasy tarapyndan guralan maslahata ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň çäginde Adam hukuklary baradaky halkara konwensiýasynyň mazmuny, halkara hukuklaryň adam hukuklarynyň çägindäki milli kanunçylyk kadalary, ýurdumyzyň adam hukuklary babatynda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy baradaky çykyşlar diňlenildi. Olarda nygtalyşy ýaly, türkmenistanlylaryň bähbidiniň goralmagyna, olaryň syýasy, ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer hukuklarynyň we raýatlyk azatlyklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen demokratik özgertmeleri amala aşyrmak hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm konwensiýalaryny, şol sanda adam hukuklary baradaky çözgütlerini tassyklap, ýurdumyz bu resminamalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça anyk çäreleri amala aşyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda adam hukuklary babatda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle-de çaganyň hukuklary, durmuş hyzmatlary, maýyplygy bolan adamlara ýardam bermek, gender deňligi ýaly meseleler maslahatyň esasy özenini düzdi.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.