Türkmenistan 2023-nji ýylyň güýzünde TRASEKA-nyň doly hukukly agzasy bolar

11 Maý 2023
281

Türkmenistan eýýäm şu ýylyň güýzünde TRASEKA-nyň agzasy bolup biler. Bu barada maksatnamanyň hökümetara toparynyň hemişelik sekretariatynyň baş sekretary Aset Asawbaýew beýan etdi.

«Türkmenistan bu gurama girmek bilen, özüniň ulag pudagynyň ösüşini, şeýle hem ýük daşamalaryny sanlylaşdyrmak işlerini tizleşdirip biljekdigini  bellemek isleýärin. Mundan başga-da, onuň TRASEKA-nyň 13 agza-ýurduna ýönekeýleşdirilen elýeterliligi bolar. Öz gezeginde, MA ýurtlarynyň ulagyny ösdürmegiň täze mümkinçilikleri açylar» - diýip, Asawbaýew aýtdy.