Fotosuratlarda — gözel Italiýa

12 Maý 2023
487

Öňňin, 10-njy maýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Alinari doganlary we häzirki zaman fotosuratlarynyň ussatlary» atly fotosergi açyldy. Italiýanyň gözel tebigatyny, taryhyny, medeniýetini we sungatyny beýan edýän bu çäräniň açylyş dabarasyna Medeniýet ministrliginiň, daşary ýurtlaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de sungat muşdaklary gatnaşdylar. Bu ýerde ajaýyp italýan sazlary hem ýaňlandy.

Çaryguly HANJAÝEW.
«Türkmenistan».