Durnukly ulag ulgamynyň mümkinçilikleri

10 Maý 2023
324

Türkmenistan Watanymyzyň başlangyçlary hemişe dünýä derejesinde giň goldawa eýe bolýar. Taryhda halklar arasynda uly meşhurlyga eýe bolan Beýik Ýüpek ýoly täzeden dikeldilýär. Ýurdumyz Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag taslamalaryny, TRASEKA halkara ulag geçelgesini döretmäge işjeň gatnaşýar. Bu ugra gönükdirilen milli maksatnamalar amala aşyrylanda, dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen meseleleriň çözülmegine uly ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigine mysal hökmünde golaýda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly giň möçberli halkara maslahaty hem-de sergini görkezmek bolar.

Ulag ulgamynda alnyp barylýan giň möçberli işler halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmäge, halkara ýükleriň görnüşlerini köpeltmäge, ýük daşamalaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga we giňeltmäge daşary ýurt guramalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da kämilleşdirmäge ýardam berýär. Geçen ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen kabul edilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» bu ugurda strategik taýdan amatly çäreleri göz öňünde tutmaga, ýurdumyzyň ulag ulgamynyň hem-de halkara ulag hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmäge, düzümdäki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge, iri halkara we sebitara taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam eder.

Perman MYRADOW,
welaýat gümrükhanasynyň Köneürgenç gümrük nokadynyň uly gözegçisi, maýor.