Ulag ulgamynyň ygtybarly binýady

10 Maý 2023
398

Her bir gazanylan üstünligiň aňyrsynda irginsiz zähmetiň, asylly maslahatyň, dostanalygyň bolýandygy ezelden gelýän durmuş hakykatydyr. Goňşa gol berip, dostana gatnaşyklary has ileri tutýan türkmen halkynyň bu günki ýeten belent abraýy-da hut taryhyň sahypalarynda öz beýanyny tapýar. Bu-da bir milletiň aňyýetine ornaşan asylly häsiýetleriň biridir. Ine, şeýle dostana gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda bu günki gün ulag-logistika ulgamyny ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda asyrlara barabar işler durmuş hakykatyna öwrülýär.

Ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümler, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamynyň döwrebap görnüşi kemala getirilýär. Munuň özi gadymy hem müdimi Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede, täzeçil röwüşde dikeldilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Logistikanyň maksady — önümi tiz wagtda we ygtybarly ýagdaýda öndüriji kärhanalardan alyjylar köpçüligine ýetirmekden ybarat bolup durýar. Bu adalga halkara hyzmatdaşlygynda önümiň, harydyň ýa-da ýerine ýetirilmeli hyzmatyň dolandyryş ulgamynyň ulaglar bilen daşalyşyny sazlaşdyrmak, ulgamlaşdyrmak ýaly toplumlaýyn işleriň kesgitlemesi hökmünde garalýar. Ýurdumyz şeýle ulgamyň ösmegi ugrundaky asylly işleri guramakda ilkinjileriň hatarynda bolmak bilen, asylly maslahatlaryň we degişli ugur bilen baglanyşykly sergileriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ýatlap geçsek, 3-nji, 4-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş —–2023» atly II halkara maslahat we sergi guraldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guran bu halkara ulag forumyna dünýäniň 45 ýurdundan 800-den gowrak wekil gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Geografik taýdan amatly ýerleşmegi bilen, eziz Watanymyz yklymlary birleşdirýän örän möhüm merkezleriň birine öwrülýär. Türkmenistan ulaglaryň ähli görnüşini ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Ýurdumyzy esasy üstaşyr ulag geçiriji merkeze öwürmek, täze geçelgeleri, ulag üpjünçilik ulgamlaryny döretmek maksady bilen, iri maýa goýumlary çekmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär» diýip belleýşi ýaly, halkara ýük daşalyşy amala aşyrylanda dürli döwletleriň çäklerinden geçmek zerurlygy ýüze çykýar. Bu barada ýurdumyz ulag-logistikasy amala aşyrylanda ulag görnüşleriniň we amatly ugruň doly saýlanylmagy, galyberse-de, ýükleriň alyja öz wagtynda çalt we arzan gowuşmagy üçin amatlydyr.

Begenç ANNAÝEW,
«Esger».