Daglar uzakdan aýdyň görünýär

13 Maý 2023
464

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna ilkinji döwlet sapary hakynda söhbet

Aşgabatdan Duşenbä ýetmek üçin sagatlarça menzil sökmäge, ýa bolmasa, baranyňdan soň, sagadyňy ýerli wagta sazlamaga asla zerurlyk ýok. Täjigistan — geografik taýdanam, medeni-ruhy ýörelgeler babatda-da bize ýakyn ýurt. Haçan-da çarşenbe güni, 10-njy maýda ir säher paýtagtymyzdan asmana göterilen howa gämimiz bir ýarym sagat çemesi wagt ýol geçip, Duşenbäniň Halkara howa menzilinde gonanda, gözüň düşýän görnüşler şol ýakynlygy ýene bir gezek sözsüz tassyklaýardy. Milli lybasa beslenen, «Hoş geldiňiz!», «Huş omaded!» diýip, hem türkmençe, hem täjikçe mübärekleýän, iki dilde gezekleşdirip aýdym aýdýan, tans edýän döredijilik toparlarynyň şowhuny dag tarapdan gelýän adaja bahar şemalynyň öwüsginine garyşyp, çar ýana ýaýrap gidýärdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dostlukly Täjigistana ilkinji döwlet saparyna nägadar ähmiýet berilýändigini aýan-aýdyň görkezýärdi. Şeýdibem, ilkinji pursatlardan göwün göwne garyşdy, şatlyk şatlyga ulaşdy. Howa menzilinden Hökümet kabulhanasyna çenli aralykda-da täjigistanly doganlarymyz ýolugra gollarynda türkmen we täjik baýdaklaryny pasyrdadyp, Arkadagly Serdarymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Saparyň bütin dowamyna hem şeýlekin äheň — dost-doganlyk ruhy mahsus boldy. Şeýle ýagdaý, elbetde, halklar, döwletler, döwlet Baştutanlary biri-birlerine çirksiz ynananlarynda, birek-biregi tüýs ýürekden hormatlanlarynda bolup bilýär.

Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”. Aşgabat — Duşenbe — Aşgabat.