Türkmenistan — Täjigistan: gatnaşyklar berk taryhy köklere daýanýar

12 Maý 2023
445

10-11-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Täjigistan Respublikasynda boldy

Türkmen hem-de täjik halklary asyrlaryň dowamynda dostlukly ýaşap, edil dogan ýaly agzybirlikde, ýakyn gatnaşykda bolup gelen halklardyr. Halk nakyllarynda «Dogan — dogana gala» diýlişi ýaly, iki doganlyk ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklar hem berk taryhy köklere daýanýar. Şoňa görä-de, diplomatik gatnaşyklary 1993-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda ýola goýlan Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky gatnaşyklar döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen täze derejelere çykýar. Muny hormatly Prezidentimiziň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran ilkinji döwlet sapary nobatdaky gezek subut etdi.

"Nesil".