Ynsanperwer ýörelgeleriň dowamatlylygy

10 Maý 2023
283

Türkmenistanyň owgan halkyna goldawynda öz beýanyny tapýar

Biz gündelik durmuşymyzda «ynsanperwerlik» diýen sözi ýygy-ýygydan eşidýäris. Aslynda, «ynsanperwerlik» dürli manyda — dünýägaraýyş, durmuş ýörelgesi, jemgyýetçilik gurluşynyň ulgamy, filosofik konsepsiýa ýa-da jemgyýetçilik hereketi babatda ulanylýan adalgadyr. Haýsy manyny aňladýandygyna garamazdan, adamzada söýgi ideýasynyň bu düşünjäniň özenini düzmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Islendik adama ynsanperwer häsiýetleriň mahsus bolmagy ony gurşap alýan dünýä üçin örän ähmiýetli. Şeýle bolýan bolsa, ynsanperwer ýörelgeleriň, haýyr-sogaply işleriň döwlet syýasaty derejesine göterilmeginiň gymmatyny nämeler bilen deňemek mümkin?! Şu barada oýlananymyzda, bada-bat türkmen jemgyýetinde Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda binýady goýlan asylly başlangyçlaryň göz öňümizde janlanmagy-da tebigy ýagdaýdyr.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».