Türkmenistan — gadymy gymmatlyklaryň mekany

12 Maý 2023
468

Häzirki günlerde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy we bu abraýly halkara guramasynyň «Maddy däl medeni mirasy goramak hakyndaky» Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli Diýarymyzda dabaralar, ylmy-amaly maslahatlar giňişleýin geçirilýär. Ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde guramaklarynda şu gün Lebap ilinde «Türkmenistan — umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklaryň mekany» diýen at bilen geçirilen dabaraly çäre hem şu şanly senelere bagyşlandy.

Welaýat merkezindäki kaşaň medeniýet öýi dabaraly çäräniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýere welaýat, şäher häkimlikleriniň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim, medeniýet işgärleri, talyp ýaşlar ýygnandylar. Welaýat ýörite sungat mekdebiniň bagşy-sazandalary medeniýet öýüniň eýwanynda çärä gatnaşyjylary şirin aýdymlar bilen garşyladylar. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň welaýat bölüminiň wekilleri bolsa bu ýerde öz döreden nakgaşçylyk eserleriniň sergisini guradylar.

Myrat TAGAN ogly,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.