Türkmen-täjik gatnaşyklary: taryhy tejribe we täze mümkinçilikler

13 Maý 2023
432

«Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýakyn goňşular we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen köptaraply gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Şoňa görä-de, sebit döwletleri bilen özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guralýan hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Olaryň hatarynda Täjigistan Respublikasy hem bar.

Türkmen we täjik halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklary öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Biziň taryhy ösüşimizde, medeniýetimizde, däp-dessurlarymyzda hem umumylyklar köpdür. Aziýa yklymynyň merkezinde, geografik taýdan amatly ýerleşmegi diňe bir sebit däl, eýsem, ählumumy derejede-de ýurtlarymyz üçin möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlygyna eýe bolan pursadyndan başlap, iki halkyň hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary täze taryhy eýýama gadam basdy. 1993-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlanyndan bäri geçen 30 ýylyň dowamynda ýurtlarymyz ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygyň baý tejribesini topladylar. Turuwbaşdan, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň binýady iki döwletiň gyzyklanmalarynyň nazarda tutulmagy arkaly özara bähbitlilige esaslandy we ol bu günki günde syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Şunda türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň binýadyny pugtalandyrmakda Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalaryna aýratyn ornuň degişlidigini nygtamalydyrys.

Allaberdy AŞIROW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti.