Ynsanperwerligiň we hoşniýetliligiň nusgasy

12 Maý 2023
560

10-11-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran ilkinji döwlet sapary dostluk, ynanyşmak, özara goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-täjik gatnaşyklarynyň häzirki zaman taryhynda täze sahypany açdy. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda Duşenbede geçirilen ýokary derejeli gepleşikler we olaryň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar dostlukly ýurtlaryň strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny doly subut etdi. Saparyň çäginde Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binasynyň düýbüniň tutulyş dabarasynyň geçirilmegi bolsa onuň ähmiýetini has-da artdyran guwançly waka öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda ýola goýlup, şondan bäri iki doganlyk halkyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, umumy taryhy köklerine hem-de ruhy-medeni gymmatlyklaryna esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde oňyn tejribe toplanyldy. Soňky ýyllarda türkmen-täjik gatnaşyklary uzak möhletleýin we strategik häsiýete eýe bolýar. Döwlet, hökümetara we pudagara derejelerde gol çekilen köp sanly resminamalary özünde jemleýän şertnama-hukuk binýady, şeýle-de yzygiderli guralýan saparlar, geçirilýän syýasy geňeşmeler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Gurbangül ATAÝEWA,
Türkmenistanyň bilim ministri.