"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Elektron sözlükleriň ähmiýeti

Berkarar ýurdumyzda dünýä döwletleri bilen ylym-bilim babatda hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Ýaşlarymyz daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okap, hünär alýarlar, okuwçylardyr talyplarymyz bolsa halkara bäsleşiklere gatnaşyp, uly üstünlikler gazanýarlar. Ýaşlara kämil bilim bermekde «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» ähmiýetiniň uludygyny bellemelidiris. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak, okatmagyň innowasion dil öwreniş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, olary durmuşa ornaşdyrmak bu resminamanyň esasy maksadydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň bilim öwrenmeklerine, dünýä dillerini özleşdirmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde dil öwretmekde döwrebap usullardan, ylmyň iň täze gazananlaryndan, elektron sözlüklerden peýdalanmak ähmiýetlidir. Dil öwredilende, onuň birnäçe usullary bolup, belli bir ugur boýunça hünär diliniň hem öwredilýändigini bellemek bolar. Hünär ugry boýunça dil öwredilende, şol dildäki adalgalaryň beýan edilişini, ylmy stildäki tekstleriň düzümini görkezmek bolar. Elektron sözlükleriň kömegi dilleri öwrenmekde örän ähmiýetlidir.

Synaglar üstünlikli dowam edýär

Şu günler ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde 11-nji synplaryň gutardyş döwlet synaglary guramaçylykly dowam edýär. Muny Arkadag şäherindäki mekdeplerde alnyp barylýan işlerde hem görmek bolýar. Okuwçylaryň bu okuw ýylyny üstünlikli tamamlamagynda Arkadag şäheriniň mekdepleriniň mugallymlarynyň yhlasly zähmetlerini hem belläp geçmek gerek. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 25-nji maýda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Şu resminama bilim bermegiň hilini has-da ýokarlandyrmak, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmagy netijeli dowam etdirmek, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da artdyrmak maksady bilen kabul edildi.

Jemleýji döwlet synaglary tabşyrylýar

Döwrebap bilim eýeleri bolmak üçin döredilip berilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanýan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary 2023-2024-nji okuw ýylyny üstünlikli jemlediler. Olar ýurdumyzda amala aşyrylýan bilim maksatnamasyna laýyklykda synpdan-synpa geçiriş we sepgit synaglaryny tabşyrdylar. Synpdan-synpa geçen mekdep okuwçylary özleriniň arzyly tomusky dynç alyş möwsümlerini ýurdumyzyň dynç alyş merkezlerinde,  dostlarynyň, maşgala agzalarynyň arasynda şadyýan geçirýärler. Şu ýyl orta mekdebi tamamlaýan 11-nji synpyň okuwçylary üçin bolsa häzir örän jogapkärçilikli hem-de tolgundyryjy günler dowam edýär. Olar jemleýji döwlet synaglaryny tabşyrmak arkaly döwlet synag toparlarynyň öňünden synagdan geçýärler.

BSGG-niň Türkmenistandaky Ýurt boýunça edarasy gämileriň sanitariýa barlagyny geçirmek boýunça okuw geçirdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky Ýurt boýunça edarasy BSGG-niň Ýewropa sebit býurosy bilen bilelikde gämileriň sanitariýa barlagyny geçirmek we gämi sanitariýa şahadatnamalaryny bermek boýunça okuw sapagyny gurady. Çärä Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň, Döwlet weterinariýa gullugynyň, Döwlet karantin gullugynyň wekilleri, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işgärleri we bu ugurda zähmet çekýän hünärmenler gatnaşdylar.

Belent maksatly ýaşlar: kämil hünär, döredijilikli zähmet, röwşen geljek

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmegiň röwşen ýolunda beýik geljegimize gönükdirilen tutumly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyz durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşlere, belent özgerişlere eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il bähbitli, ýurt ähmiýetli belent maksatlary ýaş nesiller üçin görelde mekdebi bolup durýar. Ýaşlary ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri esasynda milli ruhda terbiýelemek, olaryň watansöýüjilik, agzybirlik, jebislik duýgularyny, ata Watanymyza, merdana halkymyza bolan buýsançlaryny has-da ösdürmek maksady bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň arasynda «Magtymguly Pyragy — köňülleriň şamçyragy» atly brain-ring bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşigiň tutuş okuw ýylynyň dowamynda yzygiderli geçirilmegi ýokary okuw mekdebimiziň talyplarynyň pähim-paýhas ummany hasaplanýan Magtymguly Pyraga, şeýle hem türkmen edebiýatyna, türkmen diline bolan hormat-sarpasyny artdyrmaga ýardam edýär.

Magtymguly Pyragy — umumadamzat şahyry

Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň öwüt-nesihat goşgulary şu günki güne çenli okalyp, öwrenilip, halkyň dilinde sözüň esasy baýlygy hasaplanyp gelinýär. Akyldar şahyrymyzyň miras galdyran goşgulary, öwüt-nesihatlary, edep-terbiýe hakyndaky pelsepeleri biziň üçin uly mekdep bolup durýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly döwürdeşlerini, halky adalatly jemgyýetiň, bagtly ýaşaýşyň gözbaşynyň nämedigine düşünmäge, millet hökmünde özüni tanamaga ugrukdyrdy. Öz iliniň asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny, ylymly-bilimli bolmagyny, medeniýetiniň beýgelmegini arzuwlan beýik şahyr halkyna pähim-parasatdan we şirin duýgulardan püre-pür bolan ajaýyp şygyrlar hazynasyny miras galdyrdy» diýip belleýär.

Köňülde ganat, ýürekde joşgun

Täze taryhy eýýamymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda beden we ruhy taýdan kämil, ýokary hünärli, watansöýüji ýaş nesliň kemala gelmegi ugrundaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Çünki döwletimiziň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşmak, ilkinji nobatda, geljegiň eýeleri bolan ýaşlaryň paýyna düşýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralandyrylýan günlerinde bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, şol sanda ýaşlaryň arasynda türkmen medeniýeti we aýdym-saz sungaty boýunça halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek babatda alnyp barylýan işler Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hem öz oňyn netijelerini berýär. Biz hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň joşgunly günlerinde bu ýokary okuw mekdebiniň öňdebaryjy ýaşlarynyň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Annaoraz DÖWLETOW, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 5-nji ýyl talyby:

Mugallymyň gyzy (Siziň deň-duşuňyz)

Mugallymçylyk diňe mekdepde her günki sapaklaryňy okadyp gaýdanyň bilen çäklenmeýär. Hakyky mugallym işi, okuwçylary barada ýekeje pursat hem pikir etmän bilmeýär. Ol mekdepden daşgary hem ähli ýerde hemmelere görelde. Enejan hem hut şeýle asylly maşgalada terbiýelendi. Ýaşlykdan bilime höwesli, ençeme olimpiadalarda, bäsleşiklerde gowy netijeleri görkezen zehinli gyz geljekde mugallym bolmagy arzuw edýär. Mugallymlar maşgalasynyň zürýady — Enejan Narmyradowa Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy. Ol diňe bir olimpiadaçy däl, eýsem, sungatyň dürli ugurlary bilen hem gyzyklanýar, daşary ýurt dillerini öwrenýär. Oňa: «Mugallymyň gyzy» hem diýýärler.

Heýkeltaraş bolasym gelýär (Kim bolasyň gelýär?)

Teleýaýlymlar arkaly ýurdumyzda geçirilýän çärelerde sergä çykarylýan dürli heýkelleri görüp, heýkeltaraşlyga höwes edýärdim. Çagakam toýundyr palçykdan dürli heýkeljikleri ýasardym. Soňra 4-nji synpda okaýarkam çeper döredijiligiň halk ussasy Maksat Şyhyýewiň elinde tälim alyp başladym. Bu meniň heýkeltaraşlyk ýolundaky ilkinji çynlakaý ädimim boldy. 7-nji synpa geçenimden soň bolsa, heýkeltaraşlyk ugry boýunça Magtymguly etrabyndaky çagalar sungat mekdebine okuwa girdim. Çagalar sungat mekdebinde okan ýyllarymda halypa mugallymlarymyzyň tälimleri esasynda gipsden, toýundan we agaçdan birnäçe heýkel eserlerini döretdim. Agaçdan dürli şekilleri ýasamagy has gowy görýärin. Heýkelleriň berkligi üçin, hususan-da, erik, tut, hoz, dagdan agaçlaryndan peýdalanýarys. Tebigat gözellikleri, guşjagazlar, alabaý itlerimiz hem-de ahalteke bedewlerimiz döredijiligimde iň köp ýüzlenýän temalarym.

Aragatnaşykçy ýaşlaryň arasynda hünär bäsleşigi geçirildi

Türkmenistanda sanly ulgamy ösdürmek we kämil tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň garamagyndaky edara-kärhanalarynyň ýaş hünärmenleriniň arasynda «Öz hünäriniň ussady» atly bäsleşik geçirildi. Aragatnaşykçy oglanlar üç şert boýunça bäsleşdiler. Olar:

Bilim ulgamynda täze özgertmelere badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä standartlaryna, strategik özgerişlere üstünlikli goşulyşýan ýurdumyzyň bilim ulgamynyň öňünde täze wezipeler goýulýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 25-nji maýda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken bu taryhy Kararyndan gelip çykýan wezipeler boýunça okatmagyň innowasion tehnologiýalaryny okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmak, döwletimiziň umumybilim maksatnamalary esasynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak ýaly işlere möhüm täzelikleriň girizilmegi bilim işgärleriniň uly goldawyny gazandy. Şu resminama bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmagy netijeli dowam etdirmek, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi. Konsepsiýanyň mazmuny, maksady we wezipeleri Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan, «Bilim hakynda» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunyndan, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýd

Ylmy-amaly maslahat geçirildi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan «Türkmenistan döwletimiz bagtyýar çagalaryň mekanydyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Çykyşlarda çagalar sporty, lukmançylyk, pedagogika, dil öwretmegiň häzirki zaman usullary boýunça ylmy temalara aýratyn orun berildi. «Türkmenistan döwletimiz bagtyýar çagalaryň mekanydyr» atly ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasy Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mejlisler zalynda geçirildi.

Döredijilik bäsleşigi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nusgawy edebiýatymyzy, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmakda beýik işler durmuşa geçirilýär. Ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ýokary we mugallymçylyk hem-de lukmançylyk orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen «Aýdar Magtymguly: sözüm älemdir» atly döredijilik we çeper okaýyş bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Talyplar bäsleşikde üç şerti ýerine ýetirdiler. Bu günki gün Magtymguly Pyragynyň goşgulary dünýä ýaýylýar, adamzadyň kalbyna ylham eçilýär. Şol nukdaýnazardan, bäsleşigiň ilkinji şertinde talyplar nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyny labyzly okadylar. Ikinji şertinde bolsa olar akyldar şahyrymyza we ajaýyp döwrümize bagyşlap düzen şygyrlaryny çeper dilde beýan etdiler.

Röwşen geljegimiziň şuglasy

Ýurdumyzda ylmy we bilimi düýpli ösdürmek, onuň gazananlaryny milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda netijeli peýdalanmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ösdürmek ýaly möhüm meseleler ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen täze bilim ojaklarynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilmegi bilim ulgamyny kämilleşdirmekde we ösdürmekde, mugallymlaryň döredijilikli zähmet çekmeklerinde, ýaş nesliň bilimleri tutanýerli ele almagynda netijeli ýardam edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek boýunça ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylym-bilim ulgamyna berýän aýratyn ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijelerini berýär. Bu ulgamda ylmy-tehniki innowasion ösüşlere, öňdebaryjy işläp taýýarlamalar tejribelerine, sanly bilime, sanly ykdysadyýete, täze hünär ugurlarynyň açylmagyna uly ähmiýet berilýär. Dünýäde ylmyň we tehnologiýanyň kämilleşmegi jemgyýetiň intellektual baýlygynyň artmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta, ýörite we ýokary okuw mekdepleriniň, ähli ylym-bilim edaral

Döwlet synaglaryna badalga berildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy baradaky beýik aladalary netijesinde ýurdumyzda birnäçe işler amala aşyrylýar. 2023 — 2024-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen, ýurdumyzyň orta mekdeplerinde gutardyş synplarda döwlet synaglaryna badalga berildi. Döwlet synaglaryna welaýatymyzyň ähli orta mekdeplerinde guramaçylykly taýýarlyk görüldi. Orta mekdeplerde ýagty hem-de giň synp otaglary taýýarlanyp, synagy geçirmegiň bellenen tertibi esasynda degişli guramaçylyk işleri geçirildi. Şu gün welaýatymyzyň ähli orta mekdeplerinde 11-nji synpy tamamlaýan uçurymlar ilkinji döwlet synagyny tabşyrdylar. Adatça bolşy ýaly, ilkinji synag türkmen dili we edebiýat dersinden geçirildi. Uçurymlara türkmen dili we edebiýat dersinden düzmeler hödürlenildi. Olar hödürlenen temalaryň birini saýlap, düzme ýazdylar. Uçurymlara düzme ýazmak üçin ýörite wagt bellenildi. Synagyň dowamynda okuwçylar türkmen dili we edebiýat dersinden alan bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şeýle hem olar sözleýiş medeniýeti, edebi diliň normalary esasynda özleriniň saýlan temasy boýunça pikirlerini beýan etdiler.

Dil — kämillik

Ýakynda şeýle at bilen Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde talyp ýaşlaryň arasynda bäsleşik guraldy. Bäsleşikde talyplar özleriniň dil bilmek ukyplaryny açyp görkezdiler. Iňlis dilinde çeper okaýyş, sahna we aýdym aýtmak boýunça geçirilen bäsleşik ýaşlaryň dil kamilligini gazanmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Bäsleşikde ýeňijiler kesgitlenilip, olara mekdebiň adyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

Ýaş zehinlerden dört ýeňiş

Welaýatymyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary tamamlanyp barýan okuw ýylyny guwandyryjy üstünlikleriň ýene bir toparyna beslediler. Olar ýaňy-ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýat dersleri boýunça geçirilen bäsleşikde öňdäki orunlaryň birnäçesini eýelediler. Şeýlelikde, Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça geçirilen bäsleşikde welaýatymyzyň okuwçylarynyň ikisi öňdäki orunlary eýeledi. Türkmenabat şäherindäki 18-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Selbi Şöhradowa birinji, ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Jennet Eminowa hem öz ýaş derejesinde üçünji orunlara mynasyp boldular.

Kanunlar ― halkyň bähbidine

Çärjew etrabynyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarpyndan ýurdumyzda kabul edilýän kanunçylyk namalaryny ilatyň arasynda düşündirmek bilen bagly işler yzygiderli alnyp barylýar. Olara etrap prokuraturasynyň işgärleri hem ýakyndan gatnaşýarlar. Şol bir wagtyň özünde milli parlamentimiz tarapyndan täze kanunçylyk namalarynyň işlenilip taýýarlanylmagy aýratyn bellärliklidir. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde hem döwlet Baştutanymyza habar berlişi ýaly, häzirki wagtda milli parlamentimiz tarapyndan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän birnäçe kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada habar berildi. Biri-birinden wajyp bolan bu kanunçylyk namalary raýatlarymyzyň hak-hukuklaryny berkitmekde we akyldar şahyr Magtymguly Pyragydan galan medeni mirasyň has aýawly saklanylmagynda uly ähmiýete eýe bolar.

Talyplar genetika boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi boldular

Biziň ýokary okuw mekdebimiziň talyplary ýakynda Türkmen oba hojalyk instituty tarapyndan geçirilen genetika boýunça II internet bäsleşiginde öňdäki orunlaryň ikisine mynasyp boldular. Has takygy, bäsleşikde institutymyzyň talyplary Mähriban Merdanowa ikinji, Oguljennet Rahmanowa bolsa üçünji orunlary eýelediler. Bäsleşikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisiniň talyplary genetika ugrundan bilimlerini görkezdiler. Oňa gatnaşanlara tematiki soraglar we meseleler berlip, olary çözmäge bolsa 90 minut wagt berildi.

Baýramçylyk ertirligi geçirildi

Çagalar bagymyzda şanly ýylymyzyň şygaryna bagyşlap baýramçylyk ertirligini geçirdik. Çagalary goramagyň halkara gününiň öň ýanynda geçirilen bu çärä mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýolbaşçylary, terbiýeçiler, kitaphana işgärleri gatnaşdylar. Körpeleri watançylyk ruhunda terbiýelemek, olara dostlugy, birek-birege hormat goýmagy öwretmek maksady bilen geçirilen ertirlikde çagalar joşgunly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Kitaphanaçylar körpeleri çagalar üçin niýetlenen kitaplar we olaryň mazmuny bilen tanyşdyrdylar, ertekileri okap berdiler. Şeýle hem körpeleriň arasynda tomus pasly bilen baglanyşykly dürli öwrediji oýunlar geçirildi, sahna oýunlary ýerine ýetirildi. Terbiýeçileriň bu ajaýyp paslyň aýratynlyklary baradaky gürrüňleri çagalarda uly täsir galdyrdy.