Baýramçylyk ertirligi geçirildi

30 Maý 2024
319

Çagalar bagymyzda şanly ýylymyzyň şygaryna bagyşlap baýramçylyk ertirligini geçirdik. Çagalary goramagyň halkara gününiň öň ýanynda geçirilen bu çärä mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýolbaşçylary, terbiýeçiler, kitaphana işgärleri gatnaşdylar.

Körpeleri watançylyk ruhunda terbiýelemek, olara dostlugy, birek-birege hormat goýmagy öwretmek maksady bilen geçirilen ertirlikde çagalar joşgunly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Kitaphanaçylar körpeleri çagalar üçin niýetlenen kitaplar we olaryň mazmuny bilen tanyşdyrdylar, ertekileri okap berdiler. Şeýle hem körpeleriň arasynda tomus pasly bilen baglanyşykly dürli öwrediji oýunlar geçirildi, sahna oýunlary ýerine ýetirildi. Terbiýeçileriň bu ajaýyp paslyň aýratynlyklary baradaky gürrüňleri çagalarda uly täsir galdyrdy.

Umida EREŞOWA,
Çärjew etrabyndaky 28-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.