Jemleýji döwlet synaglary tabşyrylýar

4 Iýun 2024
208

Döwrebap bilim eýeleri bolmak üçin döredilip berilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanýan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary 2023-2024-nji okuw ýylyny üstünlikli jemlediler. Olar ýurdumyzda amala aşyrylýan bilim maksatnamasyna laýyklykda synpdan-synpa geçiriş we sepgit synaglaryny tabşyrdylar. Synpdan-synpa geçen mekdep okuwçylary özleriniň arzyly tomusky dynç alyş möwsümlerini ýurdumyzyň dynç alyş merkezlerinde,  dostlarynyň, maşgala agzalarynyň arasynda şadyýan geçirýärler.

Şu ýyl orta mekdebi tamamlaýan 11-nji synpyň okuwçylary üçin bolsa häzir örän jogapkärçilikli hem-de tolgundyryjy günler dowam edýär. Olar jemleýji döwlet synaglaryny tabşyrmak arkaly döwlet synag toparlarynyň öňünden synagdan geçýärler.

Annageldi BEKIÝEW,
öz habarçymyz.