Röwşen geljegimiziň şuglasy

2 Iýun 2024
271

Ýurdumyzda ylmy we bilimi düýpli ösdürmek, onuň gazananlaryny milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda netijeli peýdalanmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ösdürmek ýaly möhüm meseleler ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen täze bilim ojaklarynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilmegi bilim ulgamyny kämilleşdirmekde we ösdürmekde, mugallymlaryň döredijilikli zähmet çekmeklerinde, ýaş nesliň bilimleri tutanýerli ele almagynda netijeli ýardam edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek boýunça ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylym-bilim ulgamyna berýän aýratyn ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijelerini berýär. Bu ulgamda ylmy-tehniki innowasion ösüşlere, öňdebaryjy işläp taýýarlamalar tejribelerine, sanly bilime, sanly ykdysadyýete, täze hünär ugurlarynyň açylmagyna uly ähmiýet berilýär. Dünýäde ylmyň we tehnologiýanyň kämilleşmegi jemgyýetiň intellektual baýlygynyň artmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta, ýörite we ýokary okuw mekdepleriniň, ähli ylym-bilim edaralarynyň kompýuterler, dünýä derejesine laýyk gelýän täze tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi netijesinde bu ugurda uly ösüşler gazanyldy.

Seýýara SAPAROWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň uly mugallymy.