Elektron sözlükleriň ähmiýeti

4 Iýun 2024
254

Berkarar ýurdumyzda dünýä döwletleri bilen ylym-bilim babatda hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Ýaşlarymyz daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okap, hünär alýarlar, okuwçylardyr talyplarymyz bolsa halkara bäsleşiklere gatnaşyp, uly üstünlikler gazanýarlar. Ýaşlara kämil bilim bermekde «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» ähmiýetiniň uludygyny bellemelidiris. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak, okatmagyň innowasion dil öwreniş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, olary durmuşa ornaşdyrmak bu resminamanyň esasy maksadydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň bilim öwrenmeklerine, dünýä dillerini özleşdirmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde dil öwretmekde döwrebap usullardan, ylmyň iň täze gazananlaryndan, elektron sözlüklerden peýdalanmak ähmiýetlidir. Dil öwredilende, onuň birnäçe usullary bolup, belli bir ugur boýunça hünär diliniň hem öwredilýändigini bellemek bolar. Hünär ugry boýunça dil öwredilende, şol dildäki adalgalaryň beýan edilişini, ylmy stildäki tekstleriň düzümini görkezmek bolar. Elektron sözlükleriň kömegi dilleri öwrenmekde örän ähmiýetlidir.

Madina PARDAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.