Belent maksatly ýaşlar: kämil hünär, döredijilikli zähmet, röwşen geljek

3 Iýun 2024
217

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmegiň röwşen ýolunda beýik geljegimize gönükdirilen tutumly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyz durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşlere, belent özgerişlere eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il bähbitli, ýurt ähmiýetli belent maksatlary ýaş nesiller üçin görelde mekdebi bolup durýar.

Ýaşlary ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri esasynda milli ruhda terbiýelemek, olaryň watansöýüjilik, agzybirlik, jebislik duýgularyny, ata Watanymyza, merdana halkymyza bolan buýsançlaryny has-da ösdürmek maksady bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň arasynda «Magtymguly Pyragy — köňülleriň şamçyragy» atly brain-ring bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşigiň tutuş okuw ýylynyň dowamynda yzygiderli geçirilmegi ýokary okuw mekdebimiziň talyplarynyň pähim-paýhas ummany hasaplanýan Magtymguly Pyraga, şeýle hem türkmen edebiýatyna, türkmen diline bolan hormat-sarpasyny artdyrmaga ýardam edýär.

Gülzada BAZAROWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň öwreniji-mugallymy.