Ýaş zehinlerden dört ýeňiş

30 Maý 2024
215

Welaýatymyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary tamamlanyp barýan okuw ýylyny guwandyryjy üstünlikleriň ýene bir toparyna beslediler. Olar ýaňy-ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýat dersleri boýunça geçirilen bäsleşikde öňdäki orunlaryň birnäçesini eýelediler.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça geçirilen bäsleşikde welaýatymyzyň okuwçylarynyň ikisi öňdäki orunlary eýeledi. Türkmenabat şäherindäki 18-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Selbi Şöhradowa birinji, ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Jennet Eminowa hem öz ýaş derejesinde üçünji orunlara mynasyp boldular.