Döwlet synaglaryna badalga berildi

1 Iýun 2024
240

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy baradaky beýik aladalary netijesinde ýurdumyzda birnäçe işler amala aşyrylýar. 2023 — 2024-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen, ýurdumyzyň orta mekdeplerinde gutardyş synplarda döwlet synaglaryna badalga berildi. Döwlet synaglaryna welaýatymyzyň ähli orta mekdeplerinde guramaçylykly taýýarlyk görüldi. Orta mekdeplerde ýagty hem-de giň synp otaglary taýýarlanyp, synagy geçirmegiň bellenen tertibi esasynda degişli guramaçylyk işleri geçirildi.

Şu gün welaýatymyzyň ähli orta mekdeplerinde 11-nji synpy tamamlaýan uçurymlar ilkinji döwlet synagyny tabşyrdylar. Adatça bolşy ýaly, ilkinji synag türkmen dili we edebiýat dersinden geçirildi. Uçurymlara türkmen dili we edebiýat dersinden düzmeler hödürlenildi. Olar hödürlenen temalaryň birini saýlap, düzme ýazdylar. Uçurymlara düzme ýazmak üçin ýörite wagt bellenildi. Synagyň dowamynda okuwçylar türkmen dili we edebiýat dersinden alan bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şeýle hem olar sözleýiş medeniýeti, edebi diliň normalary esasynda özleriniň saýlan temasy boýunça pikirlerini beýan etdiler.

Ýörite habarçymyz.