Kanunlar ― halkyň bähbidine

30 Maý 2024
275

Çärjew etrabynyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarpyndan ýurdumyzda kabul edilýän kanunçylyk namalaryny ilatyň arasynda düşündirmek bilen bagly işler yzygiderli alnyp barylýar. Olara etrap prokuraturasynyň işgärleri hem ýakyndan gatnaşýarlar.

Şol bir wagtyň özünde milli parlamentimiz tarapyndan täze kanunçylyk namalarynyň işlenilip taýýarlanylmagy aýratyn bellärliklidir. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde hem döwlet Baştutanymyza habar berlişi ýaly, häzirki wagtda milli parlamentimiz tarapyndan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän birnäçe kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada habar berildi. Biri-birinden wajyp bolan bu kanunçylyk namalary raýatlarymyzyň hak-hukuklaryny berkitmekde we akyldar şahyr Magtymguly Pyragydan galan medeni mirasyň has aýawly saklanylmagynda uly ähmiýete eýe bolar.

Azat ABDYÝEW,
Çärjew etrap prokurorynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.