Bilim ulgamynda täze özgertmelere badalga

2 Iýun 2024
751

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä standartlaryna, strategik özgerişlere üstünlikli goşulyşýan ýurdumyzyň bilim ulgamynyň öňünde täze wezipeler goýulýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 25-nji maýda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken bu taryhy Kararyndan gelip çykýan wezipeler boýunça okatmagyň innowasion tehnologiýalaryny okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmak, döwletimiziň umumybilim maksatnamalary esasynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak ýaly işlere möhüm täzelikleriň girizilmegi bilim işgärleriniň uly goldawyny gazandy.

Şu resminama bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmagy netijeli dowam etdirmek, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi. Konsepsiýanyň mazmuny, maksady we wezipeleri Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan, «Bilim hakynda» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunyndan, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan», «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda

Gülşirin MUHANOWA,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Bilim” ylmy-usuly žurnalynyň baş redaktory, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.