Döredijilik bäsleşigi

2 Iýun 2024
251

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nusgawy edebiýatymyzy, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmakda beýik işler durmuşa geçirilýär. Ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ýokary we mugallymçylyk hem-de lukmançylyk orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen «Aýdar Magtymguly: sözüm älemdir» atly döredijilik we çeper okaýyş bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Talyplar bäsleşikde üç şerti ýerine ýetirdiler.

Bu günki gün Magtymguly Pyragynyň goşgulary dünýä ýaýylýar, adamzadyň kalbyna ylham eçilýär. Şol nukdaýnazardan, bäsleşigiň ilkinji şertinde talyplar nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyny labyzly okadylar. Ikinji şertinde bolsa olar akyldar şahyrymyza we ajaýyp döwrümize bagyşlap düzen şygyrlaryny çeper dilde beýan etdiler.

Ýörite habarçymyz.