"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

60 ýyl­dan soň ar­zu­wy­na ýet­di

At­mos­fe­ra­nyň da­şy­na sy­ýa­ha­ty ama­la aşyr­ýan «Blue Ori­gin» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň soň­ky sy­ýa­ha­tyn­da­ky ýo­lag­çy­la­ryň bi­ri aý­ra­tyn hor­ma­ta my­na­syp adam­la­ryň bi­ri­di. 1960-njy ýyl­lar­da NA­SA-da kos­mo­sa çyk­mak üçin tür­gen­le­şik sa­pa­gy­ny ge­çen, em­ma kos­mo­sa çy­kyp bil­me­dik Ed Dwaýt 60 ýyl­dan soň­ra kos­mo­sa çyk­dy. 90 ýaş­ly Dwaýt kos­mo­sa çyk­mak üçin saý­la­nyp al­nan il­kin­ji ga­ra­ýa­gyz bo­lup­dy. «Blue Ori­gin» kom­pa­ni­ýa­sy tä­jir­çi­lik mak­sat­ly kos­mos uçuş­la­ry­ny ama­la aşyr­ýar. «New She­pard» at­ly gä­mi ar­ka­ly ama­la aşy­ryl­ýan uçuş­lar­da kos­mos gä­mi­si at­mos­fe­ra­nyň gu­ta­ryp, kos­mos gi­ňiş­li­gi­niň baş­lan ýe­ri­ne çen­li ba­ryp, gys­ga wagt­lyk Ýe­riň dar­tyş güý­ji bol­ma­dyk çä­gin­de sak­lan­ýar. Soň­ra bol­sa yzy­na do­lan­ýar. Dwaýt bu uçu­şy­nyň ja­dy­laý­jy täsiriniň bo­lan­dy­gy­ny bel­le­ýär.

25 mi­nut maşk et­me­giň peý­da­sy

Gü­nu­zyn otu­ryp iş­le­me­giň we he­re­ket et­mez­li­giň sag­lyk üçin oňaý­syz ta­rap­la­ry­nyň bar­dy­gy mä­lim­dir. Bi­ler­men­ler her gün­ 25 mi­nut maşk et­me­giň otu­ryp iş­le­mek ze­rar­ly ýü­ze çyk­jak ke­sel­le­riň öňü­ni alyp bil­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Has köp fi­zi­ki he­re­ke­tiň has köp peý­da­ly­dy­gy bel­le­nil­ýär. Köp adam işi se­bäp­li gü­nüň do­wa­myn­da 9-10 sa­ga­dy­ny sto­luň ba­şyn­da ge­çir­me­li bol­ýar. Bu bol­sa, bir­nä­çe ke­se­liň döremegine ge­ti­rip bil­ýär. «Bri­tish Jo­ur­nal of Sports Me­dicine» žur­na­lyn­da çap edi­len ma­ka­la­da gün­de­lik 20-25 mi­nut­lyk fi­zi­ki he­re­ke­tiň aşa köp he­re­ket­siz­li­giň ýü­ze çy­ka­ryp bil­jek tö­wek­gel­çi­li­gi­ni ara­dan aýyr­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Bu ba­ra­da ge­çi­ri­len yl­my işe Nor­we­gi­ýa­nyň Ark­ti­ka uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry hem gat­na­şyp­dyr. Bi­ler­men­ler fi­zi­ki he­re­ket bi­len he­re­ket­siz otu­ryl­ýan wag­ty de­ňeş­di­rip, ola­ryň öz ara­la­ryn­da­ky tä­si­ri­ni öw­re­nip­dir­ler. Yl­my bar­la­gyň çä­gin­de ýa­şy el­li­den ýo­ka­ry 12 mü­ňe go­laý ada­ma iki ýyl­lap gö­zeg­çi­lik edi­lip­dir. Ge­çi­ri­len bar­lag­da 12 sa­gat­dan köp otur­ma­gyň has zy­ýan­ly­dy­gy ýü­ze çy­ka­ry­lyp­dyr.

Aşgabatda “Ak şäherim Aşgabat” XXIII köpugurly halkara sergi açyldy

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda anna güni Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli “Ak şäherim Aşgabat” atly XXII köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilýän sergä Türkmenistanyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň köp sanlysy, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

Hal­ka­ra gat­naw ozal­ky dur­ku­na gel­ýär

Hal­ka­ra gat­naw we sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­te go­şan­dy­nyň pan­de­mi­ýa­dan ozal­ky dur­ku­na gel­ýän­di­gi mä­lim edil­di. Bü­tin­dün­ýä yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň (WEF) Ang­li­ýa­nyň Sur­reý uni­wer­si­te­ti bi­len bi­le­lik­de taý­ýar­lan mag­lu­ma­tyn­da dün­ýä­niň 119 ýur­du­nyň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da­ky ýag­da­ýy­na syn be­ril­ýär. Iki ýyl­dan bir ge­zek taý­ýar­lan­ýan mag­lu­mat­da üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da pan­de­mi­ýa döw­rün­dä­ki päs­gel­çi­lik­le­riň ara­dan aý­ryl­jak­dy­gy, adam­la­ryň yza süý­şü­ren is­leg­le­ri se­bäp­li bu pu­dak­da güýç­li ösü­şiň ha­sa­ba alyn­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär. Şeý­le hem 119 ýur­duň 71-in­de sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň ösüp baş­lan­dy­gy, em­ma or­ta­ça ösü­şiň 2019-njy ýyl­da­ky de­re­jä ýet­män­di­gi bel­le­nil­ýär. Sy­ýa­hat­çy­lyk taý­dan ösen 30 ýur­duň 19-y Ýew­ro­pa­da, 7-si Azi­ýa-Ýu­waş um­ma­nyn­da, 3-si Ame­ri­ka­da we bi­ri Ýa­kyn Gün­do­gar­da (BAE) ýer­leş­ýär.

Jemgyýetiň sagdynlygy – döwrüň bagtyýarlygy

Soň­ky ýyl­lar­da dün­ýä­de to­zan­ly ho­wa akym­la­ry güýç­len­ýär. Bu ýag­daý Ýer ýü­zün­de gu­rak­çy­ly­gyň art­ma­gy hem-de ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly bo­lup, bu möw­süm­le­ýin te­bi­gy ha­dy­sa ha­sap­lan­ýar. To­zan­ly ýel­ler, esa­san hem, De­mir­ga­zyk Af­ri­ka­da, Ýa­kyn Gün­do­gar­da we Azi­ýa ýurt­la­ryn­da has köp bo­lup geç­ýär. Ho­wa­nyň ha­pa­lan­ma­gy sag­lyk üçin zy­ýan­ly bo­lup, ýa­şa­ýan se­bi­tiň ho­wa şert­le­ri ba­ra­da ha­bar­ly bol­mak örän mö­hüm­dir. Da­şa­ryk çyk­maz­dan ozal ho­wa mag­lu­ma­ty bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş bol­ma­ly. Ho­wa­nyň ha­pa­lan­ma­gy – to­zan­ly ýel ýa-da ha­ra­sat adam sag­ly­gy­na oňaý­syz tä­sir et­me­gi müm­kin. Eý­sem, to­zan­ly ho­wa­dan nä­dip go­ran­ma­ly? Ör­tük da­kyn­mak. To­zan­ly ho­wa­da da­şa­ry çyk­ma­ly bol­sa­ňyz, ör­tük da­kyn­ma­gy ýat­dan çy­kar­ma­ly däl. Ör­tük da­kyn­mak to­zan­ly ho­wa­dan go­ran­ma­gyň iň amat­ly usu­ly­dyr. Çün­ki ör­tük ha­pa ho­wa­ny sü­züp, aras­sa ho­wa­ny ge­çir­ýär.

Te­bi­ga­ta zy­ýan­syz bul­gur

Bir ge­zek ula­nyl­ýan plas­tik bul­gur­lar gün­de­lik dur­muş­da ula­nyl­ýan önüm­le­riň ha­ta­ry­na go­şul­dy. ABŞ-nyň ko­fe­ha­na zyn­jyr­la­ry­nyň bi­ri plas­tik we ka­gyz bul­gur­la­ryň ýe­ri­ne has ar­zan gör­nü­şi­ni ula­nyp baş­la­dy. Bu bul­gur­lar te­bi­ga­ta taş­la­nan ýag­da­ýyn­da-da zy­ýan ýe­tir­me­ýär. Se­bä­bi bu bul­gu­ry ön­dür­mek üçin çig mal hök­mün­de to­ýun ula­nyl­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, bul­gur gys­ga wagt­dan pyt­rap top­ra­ga ga­ryş­ýar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, her ýyl­da 500 mil­liard­dan gow­rak bir ge­zek ula­nyl­ýan bul­gur zi­bi­le taş­lan­ýar. Ka­gyz­dan ön­dü­ri­len bul­gur­la­ryň iç ýü­zün­de ýu­ka plas­tik gat­lak bol­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, ola­ry çig mal hök­mün­de gaý­ta­dan ulan­mak kyn bol­ýar. To­ýun­dan ön­dü­ri­len bul­gur­lar bol­sa daş­ky gur­şa­wa ýe­ti­ril­ýän zy­ýa­ny azalt­ma­ga ýar­dam eder. Tyl­la­gö­zel NU­RY­ÝE­WA,

Dün­ýä­niň iň uly mil­li seýilgäh ul­ga­my

Hy­taý­da bio­dür­lü­li­gi go­ra­mak mak­sa­dy bi­len 2021-nji ýyl­da 230 müň ine­dör­dül ki­lo­metr­lik mil­li se­ýil­gäh top­lum­la­ry dö­re­dil­di. 2022-nji ýyl­da umu­my meý­da­ny 1,1 mil­li­on ine­dör­dül ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lan 49 sa­ny go­ral­ýan meý­dan dö­re­dil­di. Ýurtda 2035-nji ýy­la çen­li dün­ýä­niň iň giň mil­li se­ýil­gä­hi­ni dö­ret­mek me­ýil­leş­dir­ilýär. Şeý­le­lik­de, jan­dar­la­ryň we ösüm­lik­le­riň 80 gö­te­ri­mi go­ral­ýan ýer­ler­de ýa­şar. Bu ýer­ler­de oňur­ga­ly jan­dar­la­ryň 5 müň­den gow­rak, ösüm­lik­le­riň 29 müň­den gow­rak gör­nü­şi ga­bat gel­ýär. Go­ral­ýan ýer­le­riň ara­syn­da düz­lük­ler, dag­lar, tro­pik to­kaý­lar we beý­le­ki ýer­ler bar. Te­bi­gy se­ýil­gäh­ler ýa­ba­ny te­bi­ga­tyň go­ra­lyp sak­lan­ma­gy­na we gaý­ta­dan di­kel­me­gi­ne oňyn tä­sir ed­ýär. Hy­taý te­bi­gy baý­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan ýurt­la­ryň bi­ri­dir. Ýur­duň to­kaý­la­ryn­da köp san­ly en­de­mik jan­dar­lar ga­bat gel­ýär. Şo­la­ryň bi­ri bo­lan pan­da­lar ýa­ba­ny te­bi­ga­tyň sim­wo­ly ha­sap­lan­ýar. Şeý­le bo­lan­soň bu jan­da­ryň şe­ki­li Te­bi­gat üçin bü­tin­dün­ýä gaz­na­sy­nyň ny­şa­ny­ny be­ze­ýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşygy

22-nji maý­da türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň Hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ne gat­naş­mak üçin ýur­du­my­za ge­len Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň Baş sek­re­ta­ry Ser­geý Le­be­dew bi­len du­şuş­dy. Myh­man du­şuş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik hem-de türk­men top­ra­gyn­da bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin Mil­li Li­de­ri­mi­ze ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, Ar­ka­la­şy­gyň çäk­le­rin­de deň­hu­kuk­ly, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň mö­hüm or­nu­ny nyg­ta­dy.

ÄLE­MI BAG­LAN NE­PIS GÖ­ZEL­LIK

Döw­let Tu­gu­my­zy hem-de Tug­ra­my­zy be­ze­ýän, gö­zel­li­gi, ne­pis­li­gi bi­len dün­ýä­ni haý­ra­na goý­ýan ha­ly göl­le­ri­miz döw­le­ti­mi­ziň baş ny­şan­la­ryn­da my­na­syp orun alyp, hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­niň, je­bis­li­gi­niň gü­wä­si hök­mün­de türk­men hal­ky­nyň öz mil­li sun­ga­ty­ny mu­kad­des­lik de­re­je­si­ne ýe­ti­ren­di­gi­ni gör­kez­se, her ýy­lyň maý aýy­nyň soň­ky ýek­şen­be­sin­de şa­ny­na da­ba­ra­ly toý tut­ma­gy­myz ta­ry­hy müň­ýyl­lyk­la­ra uza­ýan sun­gat de­re­je­si­ne gö­te­ri­len se­ne­di­mi­ze go­ýul­ýan be­lent hor­mat-sar­pa­dan ny­şan­dyr. Ha­ly halk se­ne­di­niň iň­ňän ga­dy­my döw­rün­de dö­rän nus­ga­la­ry­nyň bi­ri bol­mak bi­len, mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň aý­ryl­maz bir bö­le­gi­dir. Bi­ziň ha­ly­myz türk­men hal­ky­nyň dün­ýä si­wi­li­za­si­ýa­sy­na we me­de­ni­ýe­ti­ne go­şan aja­ýyp go­şan­dy­dyr. Ha­ly dün­ýä­niň me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da özü­niň my­na­syp or­nu­ny eýe­län sun­gat­dyr.

Aş­ga­bat – Wa­ta­ny­my­zyň ýü­re­gi, hal­ky­my­zyň buý­san­jy

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň şä­he­ri diý­lip yk­rar edil­ýän gö­zel paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len ta­ry­hy ösüş­le­ri baş­dan ge­çir­ýär. Äh­li öz­gert­me­le­riň nus­ga­lyk keş­bin­de gö­zel paý­tag­ty­my­zyň şä­her­gur­lu­şyk keş­bi­ni gör­mek bol­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty we taý­syz ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de Aş­ga­bat şä­he­ri düýp­li öz­ge­riş­le­re eýe bol­dy. Paý­tag­ty­my­zyň dür­li kün­je­gin­de dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, ýo­ka­ry we or­ta okuw mek­dep­le­ri­niň, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň, eda­ra-kär­ha­na­la­ryň we beý­le­ki mö­hüm äh­mi­ýet­li des­ga­la­ryň gur­lu­şyk­la­ry­nyň ýo­ka­ry dep­gin­de do­wam et­me­gi şä­her­gur­lu­şyk-bi­na­gär­lik keş­bi­niň öz­ger­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Paý­tag­ty­myz­da aja­ýyp bi­na­la­ryň en­çe­me­si­niň gu­rul­ma­gy, hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin bi­na edil­ýän ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän aw­to­mo­bil ýol­la­ry mer­jen şä­he­ri­mi­zi dün­ýä­niň döw­re­bap hem-de nus­ga­lyk şä­her­le­ri­niň bi­ri­ne öwür­mek ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň aja­ýyp mi­we­si­dir. Ýur­du­myz­da her ýy­lyň maý aýy­nyň 25-ine Aş­ga­bat şä­he­ri­niň gü­ni hem-de «Soň­ky jaň» da­ba­ra­sy uly şat­lyk-şow­hu

Nesilleriň saglygy – ýurdumyzyň baş baýlygy

22-nji maýda paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my ösü­şiň ýo­ka­ry de­re­je­le­ri­ne ýet­ýär. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň baştutanlygynda al­nyp ba­ryl­ýan sy­ýa­sa­tyň esa­sy ugur­la­ry de­mok­ra­ti­ýa­nyň, ka­nu­nyň, ada­lat­ly­ly­gyň dabaralanýandy­gy bi­len bag­ly bo­lup dur­ýar. Şu­ňa la­ýyk­lyk­da, ýur­du­myz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň adam hu­kuk­la­ry bo­ýun­ça Kon­wen­si­ýa­syn­dan ge­lip çyk­ýan öz üs­tü­ne alan äh­li hal­ka­ra borç­na­ma­la­ry­ny gy­şar­nyk­syz ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Döw­let de­re­je­sin­de ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­gyň iş­jeň sy­ýa­sa­ty we stra­te­gi­ýa­sy «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň esa­sy bo­lup dur­ýar.

Ilatly ýerleriň suw üpjünçilik ulgamlary kämilleşdirilýär

22-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kubmetr bolan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ir­den hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow paý­tag­ty­my­zyň Bag­ty­ýar­lyk et­ra­byn­da gur­lan tä­ze agyz su­wu­ny aras­sa­laý­jy des­ga­nyň ýer­leş­ýän ýe­ri­ne gel­di. Şan­ly wa­ka my­na­sy­bet­li bu ýe­re Mej­li­siň Baş­ly­gy, Hö­kü­met ag­za­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­ki­mi, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň rek­tor­la­ry, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, giň halk köp­çü­li­gi ýyg­nan­dy.

Dünýäde iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawy yglan edildi

Dünýäde iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawy belli boldy. Sanawy «HotCars» portaly düzdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar. Oňa hiç hili kynçylyksyz 805 müň kilometrden köp menzil geçmäge ukyply ulaglar girdi. Sanawyň başyny 2010–2015-nji ýyllarda çykarylan Hyundai Elantra kysymly ulaglar çekdi. Ol 1,6 litrlik 132 at güýjüne deň hereketlendirijili bolup, 1,6 million kilometrlik aralygy geçmäge ukyplydyr.

Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onuň sahypalarynda türkmen halkynyň taryhy, medeni-ruhy mirasy baradaky täze açyşlara hem-de gözlegleriň netijelerine bagyşlanan makalalar ýerleşdirilipdir. Neşiriň beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bu sanynyň daşky sahabyny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň nyşany bezeýär. Ýurdumyzda eserleri adamzadyň ruhy medeniýetiniň genji-hazynasyna girizilen akyldaryň bahasyna ýetip bolmajak edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Milli gymmatlyklar — terbiýäniň çeşmesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenanlaryň kanuny bähbitlerini we hukuklaryny goramak, gender deňligini üpjün etmek, durmuş ýeňilliklerini döretmek, maşgala gymmatlyklaryny rowaçlandyrmak arkaly jemgyýetimiz durnukly ösýär. Adamyň we raýatyň binýatlaýyn hukuklaryny amal etmek, zenanlaryň we erkekleriň deňhukuklylygyny konstitusion esasda pugtalandyrmak boýunça köpugurly çäreler durmuşa geçirilýär. Zenanlaryň, şol sanda gelin-gyzlaryň zähmet çekmegi, bilim almagy, hünär öwrenmegi, perzent terbiýelemegi üçin ähli şertler döredilýär. Olar milli ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmak, watançy nesilleri terbiýelemek ugrunda göwün galkyndyryjy işleri amala aşyrýarlar. Düýn Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen zenanlarynyň el hünäriniň we nesil terbiýesiniň dünýäde dabaralanmasy» atly maslahatda-da bular barada giňişleýin gürrüň edildi. Milli Liderimiz hem-de hormatly Prezidentimiz durmuş mekdebine öwrülen mähriban enelerimiziň, mähek daşyna deňelýän gelin-gyzlarymyzyň sarpasyny hemişe belent tutýar. Şeýle üns-aladadan göwni galkynýan gelin-gyzlarymyz manyly ömrüni il-ýurduna, mähriban ojagyna, nesil terbiýesine bagyş eden zenanlarymyzyň, aýratyn-da, milletiň käbesi, keşde we haly dokamagyň ussady Ogulabat enäniň ýörelgesine eýerip, müňýyllyklaryň jümmüşine aralaşýan mi

Halkyň ruhy akabasy

Ýakynda çap edilen «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabaralary şu günler giň gerimde dowam edýär. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlary we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan geçirilen tanyşdyrylyş dabarasy hem täsirli boldy. Oňa degişli ulgamlaryň wekilleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri, magtymgulyşynaslar, alymlar, professor-mugallymlar, talyplar gatnaşdylar. Turuwbaşdan işjeň häsiýet mahsus bolan tanyşdyrylyş çäresinde, ilki bilen, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýunyň ýurdumyzda we bütin dünýäde uludan dabaralandyrylyşy, onuň döwletimiziň hem-de halkymyzyň durmuşyndaky orny hakda edebi-sazly kompozisiýany ýerine ýetirdiler. Soňra degişli ulgamlaryň wekilleriniň, magtymgulyşynaslaryň, professor-mugallymlaryň çykyşlaryna uly orun berildi. Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen täze kitap akyldar şahyryň edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik, gahrymançylyk, watançylyk, döwletlilik baradaky filosofik garaýyşlaryny beýan edýän, türkmen tebigatynyň waspyny belentden ýetirýän şygyrlaryny öz içine alýan ajaýyp ýygyndydyr. Onuň söz ussadynyň 300 ýyllyk ýubileý toýunyň baýram e

Nesilleriň alkyşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň durmuşa geçirýän uly işleri adamy mertebelemegiň, hemaýata mätäçlere sahawatlylyk bilen goldaw bermegiň asyl nusgasyny döretdi. Ýakynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň sowgat berilmegi gaznanyň alyp barýan sahawatly işleriniň nobatdaky beýany boldy.

Suw damjasy — altyn dänesi

Türkmen halky hemişe tebigy baýlyklary, aýratyn-da, suwy aýawly peýdalanypdyr. Suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş-ykdysady strategiýasynda obasenagat toplumyny okgunly ösdürmegiň, daşky gurşawy goramagyň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň möhüm şertleriniň biri hökmünde kesgitlenendir. Häzirki döwürde arassa agyz suwy bilen ilaty ýeterlik üpjün etmek Durnukly ösüşiň maksatlarynyň esasylarynyň biridir. Ýurdumyzda suw arassalaýjy ulgamlaryny döretmäge, oba hojalygynda we önümçilikde suw tygşytlaýjy tehnologiýalary we täzeçil usullary peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde şu ýylyň 8-nji maýynda Ýaşlyk şäherçesinde kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň, 22-nji maýda bolsa paýtagtymyzda kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyp ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň mysallarydyr.

Döredijilik bäsleşigi jemlendi

Şu gün — 23-nji maýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkeziniň binasynda döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolan mekdep okuwçylary sylaglanyldy. «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Tebigaty goramak jemgyýetiniň bilelikde «Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy, Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň» atly yglan eden bu bäsleşigi ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda makala ýazmak we surat çekmek boýunça guraldy. Ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden döredijilige höwesli çagalaryň ýüzden gowragy öz işlerini bäsleşige hödürlediler. Işlerde Magtymguly Pyragynyň ömrüne, döredijiligine we şahyryň döredijiligindäki tebigatyň waspyna degişli gyzykly maglumatlar jemlenip, çeper beýan edilipdir hem-de inçelik bilen şekillendirilipdir. Netijede, eminler topary şulary ýeňiji diýip yglan etdiler. Makala ýazmak ugry boýunça:

Täsirli geçen duşuşyk

Şu ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Balkan welaýat kazyýetiniň hem-de Magtymguly etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragy müzeýinde döredijilik duşuşygy geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň kazyýetleriniň kazylary, kazyýet işgärleri, görnükli şahyrlary, ýazyjylary, bagşylary gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygy ilki bilen Magtymguly Pyragy muzeýine gezelenç etmekden başlandy. Muzeýde ýerleşdirilen eksponatlar gelen myhmanlarda uly täsir galdyrdy.